
Gün ýokary işjeňlik döwrüne girýär. Astrofizikleriň çaklamalaryna görä, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli Günde iň ýokary derejeli X toparyndaky 5-den 10-a çenli şöhlelenmeler bolup biler. M we X derejesindäki güýçli energiýa zyňyndylary 2028-nji ýyla çenli yzygiderli hasaba alnyp bilner.
Şeýle hadysalar rentgen şöhleleriniň kuwwatyna görä toparlara bölünýär. Bu ulgamda her indiki dereje şöhlelenmäniň intensiwliginiň on esse artýandygyny aňladýar. Gün şöhlelenmeleri köplenç plazmanyň zyňylmagy — zarýadlanan bölejikleriň ägirt uly bulutlary bilen bile bolýar, olar bolsa Ýerde magnit hadysalaryny döredip bilýär.
X toparyndaky güýçli şöhlelenmeler häzirki zaman tehnologiýalaryna gönüden-göni täsir edýär. Netijede hemra nawigasiýasy (GPS), ýokary ýygylykly radioaragatnaşyk we hatda energetika ulgamlarynyň işinde gysga wagtlaýyn näsazlyklar ýüze çykyp biler.
Tehnika bilen bir hatarda Gün işjeňligi adamlara hem täsir edýär. Howanyň ýagdaýyna bagly bolan adamlar bu döwürde magnit hadysalarynyň maglumatlaryna aýratyn üns bermeli, fiziki işjeňligini öňünden meýilleşdirmeli we saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmeli.
ORIENT