Hytaýyň daşary işler ministri Wan I ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy amala aşyrýan zarbalary boýunça Pekiniň garaýyşlaryny giňişleýin beýan etdi. Ýakynda Russiýanyň, Eýranyň, Fransiýanyň we Omanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen telefon gepleşikleriniň dowamynda hytaý diplomaty parahatçylygy üpjün etmek we ýaragly garşylygy bes etmek ugrunda işjeň tagalla etdi. Bu barada sişenbe güni geçirilen brifingde Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Nin habar berdi.
Wan I ABŞ we Ysraýyl tarapyndan amerikan-eýran gepleşikleri dowam edýän döwründe edilýän hüjümleriň ýol berilmesizdigini aýratyn nygtady. Hytaý tarapynyň pikirine görä, özygtyýarly döwletiň liderine garşy açyk hüjüm etmek we häkimiýeti çalyşmaga çagyrmak halkara hukugynyň gödek bozulmagydyr. Hytaýyň garaýşy harby hereketleri derrew bes etmegi hem-de mümkin boldugyça tiz wagtda konstruktiw gepleşiklere dolanmagy talap edýär. Şeýle hem halkara jemgyýetçiligi durnuklylygy pese gaçyrýan islendik birtaraplaýyn ädimlere garşy bilelikde çykyş etmelidir.
Hytaýyň daşary işler ministri Pekiniň Eýranyň milli mertebesini, döwlet özygtyýarlylygyny we çäk bitewiligini goramak meselesinde goldaw berýändigini hem tassyklady. Mundan başga-da, hytaý tarapy Pars aýlagy ýurtlarynyň kanuny howpsuzlyk aladalaryna çynlakaý çemeleşýär we olaryň howpsuzlygyny berkitmäge ýardam bermäge taýýardyr. Wekiliň sözlerine görä, iri döwletler harby artykmaçlygyny beýleki ýurtlara garşy esassyz hüjümler üçin peýdalanmaly däldir. Şeýlelikde halkara jemgyýetçiligi dünýäniň “jeňňel kanunyna” dolanmagyna ýol bermeli däldir. Hytaý Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde konstruktiw ornuny dowam etdirip, berk parahatçylygy gazanmak ugrunda adalatlylygy yzygiderli goramaga niýetlenýär.