Aşgabat, 2026-njy ýylyň 27-nji fewraly. "Türkmengaz” döwlet konserni 27.02.2026 - 15.04.2026 aralygynda “Türkmengaz” DK zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça açyk tender yglan edýär.
Tendere gatnaşmaga diňe tender resminamasynda bellenen talaplara laýyk gelýän önüm öndüriji kompaniýalar goýberilýär. Ofşor zolagynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylaryň arzalary kabul edilmeýär.
Tender lotlary:
Lot № 2 - «Umumy zawod enjamlary»;
Lot № 3 - «Elektrotehniki enjamlar, gözegçilik-ölçeg abzallary we kabel önümleri »
Gatnaşyjylar aşakdakylary ýerine ýetirmeli:
Kompaniýanyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly.
"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly.
Lotlaryň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.
Bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Tender teklipleriň tabşyrylmagy:
Tendere gatnaşmak üçin teklipler 15.04.2026 ý. ýerli wagt bilen sagat 15:00 çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Doly tender teklipli, möhür bilen tassyklanan bir bukja Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK salgysy boýunça iberilmeli.
Bukjada hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň (Word görnüşde) elektron görnüşi we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.
Habarlaşmak üçin:
Elektron poçta: info@turkmengaz.gov.tm
Telefon belgileri:
40‑37‑39, 40‑37‑40, 40‑37‑41, 40‑37‑42,
Faks: 40‑37‑45
"Türkmengaz" Döwlet konserni talaplara laýyk gelýän ähli gatnaşyjylary Türkmenistanyň energetika toplumynyň kärhanalarynyň ygtybarly işini üpjün etmek hem-de pudagy ösdürmek üçin zerur bolan ýokary hilli maddy-tehniki serişdeleri üpjün etmek babatda tendere gatnaşmaga we arzalary tabşyrmaga çagyrýar.
ORIENT
