Aşgabatda «Deňiz zibillerine we deňiz plastik galyndylaryna garşy göreş» atly giň gerimli sebit taslamasynyň resmi açylyşy geçirildi. Bu başlangyç Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Gazagystanyň tagallalaryny birleşdirer. Taslama Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky Gurşawy Maksatnamasy (UNEP) hem-de Tähran Konwensiýasynyň Sekretariaty bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Ol häzirki döwrüň iň ýiti ekologiýa howplarynyň biri bolan deňzi plastik galyndylar bilen hapalanmagyna garşy gönükdirilendir.
2027-nji ýylyň ahyryna çenli dowam etjek taslama diňe bir “kenarlary arassalamak” bilen çäklenmän, ylmy taýdan ulgamlaýyn çemeleşmäni göz öňünde tutýar. Esasy üns galyndylaryň gury ýerden gelip çykýan çeşmelerini çuňňur seljermäge we galyndylary dolandyrmak ulgamyndaky kanunçylygy düýpli kämilleşdirmäge gönükdirilýär. BMG-niň ÖM-niň maksatnama analitigi Farhat Orunowyň bellemegine görä, esasy wezipe — plastigi galyndy hökmünde däl-de, eýsem gymmatly serişdeler hökmünde ulanmagy göz öňünde tutýan aýlawly ykdysadyýet ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr.
Taslamada aýratyn üns monitoring işlerine berler: bilermenler plastigiň deňze düşüş ýoluny anyklap, şol ýollary önümçilik kärhanalary we şäher hojalyklary derejesinde ýapmagy maksat edinýärler. Şeýle hem, taslama işewürlik düzümlerini we ýerli jemgyýetleri işjeň gatnaşmaga çekmek, gaýtadan işlemek ulgamyna maýa goýumlaryny höweslendirmek göz öňünde tutulýar.
Hazar deňziniň ekologiýa howpsuzlygyny yzygiderli goldaýan Türkmenistan üçin bu başlangyç milli tebigaty goramak taslamalarynyň logiki dowamydyr. Taslamanyň işe girizilmegi dünýäniň iň uly içerki suw howdanynyň näzik ekoulgamyny goramak işiniň umumy wezipä öwrülýändigini tassyklaýar. Bu ýerde häzirki zaman tehnologiýalary bilen ekologiýa jogapkärçiligi geljek nesilleriň bähbidine bilelikde hereket edýär.
