||

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026-njy ýylyň 25-nji fewralyndan başlap, Beýik Britaniýanyň immigrasiýa ulgamynyň sanly görnüşe geçirilendigini habar berdi.
Indi ýurda girmek üçin wiza talap edilýän ähli daşary ýurt raýatlaryna diňe elektron wiza (eVisa) berilýär. Ol ozal pasporta ýelmenýän wiza stikeriniň (vignette) ornuny tutdy.
Wiza ýagdaýy baradaky maglumatlar Beýik Britaniýanyň immigrasiýa gulluklarynyň ulgamynda sanly görnüşde saklanýar.
Diplomatik wekilhanasy arzany berijilere täzelenen düzgünler we resminamalary resmileşdirmek tertibi bilen öňünden tanyşmagy maslahat berýär.
Giňişleýin maglumat Beýik Britaniýanyň hökümetiniň resmi internet sahypasynda ýerleşdirildi: http://gov.uk/eVisa