24-nji fewralda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda bilim we ylym ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňelýändigi, şeýle hem tejribe alyşmagyň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşykda geljekde geçiriljek halkara çärelerine aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy gyrgyz okuwçylaryny 2026-njy ýylyň 8–13-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän mekdep okuwçylarynyň arasyndaky III Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrdy.
Bu halkara bäsleşiginiň geçýän döwründe Gyrgyz Respublikasynyň Bilim we ylym ministriniň Aşgabada iş saparyny guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Öz gezeginde, gyrgyz tarapy türkmen wekiliýetini Çarwadarlaryň 6-njy Bütindünýä oýunlarynyň çäklerinde geçiriljek Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.
Taraplar bilim gatnaşyklarynyň berkidilmeginiň Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdiler.
ORIENT
