Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda mukaddes Oraza aýy mynasybetli agzaçar sadakasy berildi.
Çärede ilçi Gismat Gozalow myhmanlar bilen salamlaşyp, Oraza aýynyň başlanmagy bilen gatnaşyjylary gutlady. Ilçi çykyşynda bu mukaddes aýyň Yslam dünýäsinde ruhy taýdan täzelenmegiň, agzybirligiň we özara goldawyň möhüm nyşanydygyny belledi. Oraza aýynyň adamlaryň arasynda dostlugyň we düşünişmegiň berkmegine goşant goşýandygyny nygtady. Şol bir wagtyň özünde, iki ýurtda hem dini gymmatlyklara aýratyn hormat goýulýandygyny we babatda şeýle çäreleriň geçirilmeginiň medeni we ruhy gymmatlyklaryň paýlaşylmagy aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy.

Agzaçar sadakasyna Türkmenistanyň baş müftisi Ýalkap Hojagulyýew, şeýle hem ýurtda akkreditirlenen musulman döwletleriniň ilçileri we diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň çarçuwasynda myhmanlara Azerbaýjanyň milli aşhanasynyň baý däplerini şöhlelendirýän dürli tagamlar we süýjülikler hödür edildi.
ORIENT
