Hytaý Täze ýyl baýramçylygynyň duşenbe güni tamamlanan dokuz günlük dynç alyş günlerinde 2026-njy ýylyň Bahar baýramynyň gala konserti şäherlerde myhmanlaryň sanynyň hem-de girdejileriň ep-esli artmagyna itergi berdi.
1983-nji ýyldan bäri ýaýlyma berilýän we dünýäde iň köp tomaşa edilýän ýyllyk teleýaýlym hökmünde tanalýan gala konsert şu ýyl Pekinden başga-da Heýlunszian welaýatynyň Harbin şäherinde, Žeszian welaýatynyň Ýiwu şäherinde, Anhoý welaýatynyň Hefei şäherinde we Siçuan welaýatynyň Ýibin şäherinde goşmaça meýdançalarda geçirildi. Bu meýdançalar ýerli medeniýeti we däp-dessurlary giňden görkezmek bilen, gala konserti arkaly ýurtda syýahatçylygy ösdürmäge ýardam berýär.
Ýibin şäherinde ýaýlymda görkezilen Heszianmen meýdançasy we Ýanszy derýasynyň seýilgähi myhmanlaryň iň köp barýan ýerlerine öwrüldi. “Teleýaýlymda Ýibin şäherindäki meýdançany synlamaga, dron görkezilişini tomaşa etmäge geldik. Bu ýeri örän gyzykly” diýip, syýahatçy Çžan Szin öz pikirini paýlaşdy. Şäheriň syýahatçylyk edarasy tarapyndan berlen maglumatlara görä, baýramçylyk günlerinde Ýibin şäherine 9 million 500 müňden gowrak myhman geldi we syýahatçylylaryň sarp edijiliginiň möçberi 6 milliard 200 million ýuana (ýagny 900 million ABŞ dollaryna) barabar boldy.
Hefei şäherinde konsert sahnasynyň ýerleşýän ýeri bolan Luogan seýilgähinde aýdym-sazly, özboluşly tagamlaryň hödürlenýän we dürli güýmenjeleriň gurnalan baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu ýere gelen myhmanlaryň sany 1 milliondan geçdi. Ýerli restoranlaryň girdejileri geçen ýyl bilen deňeşdirilende 20 göterimden 50 göterime çenli artdy, myhmanhanalaryň öňünden beren sargytlary bolsa iki esse köpeldi.
Bahar baýramynyň gala konsertiniň goşmaça meýdançalary baýramçylyk döwründe sebit medeniýetini we ykdysady işjeňligi görkezýändir.