Hytaýyň günortasynda ýerleşýän, tehnologiýa merkezi hasaplanýan Şençžen şäherinde bahar baýramynyň üstümizdäki hepdäniň duşenbe gününe çenli dowam eden dokuz günlük dynç alyş günlerinde daşary ýurtlara gidýänler üçin salgyt gaýtarymlary köpeldi.
Gümrük maglumatlaryna görä, 16-njy fewraldan 22-nji fewral aralygynda, ýagny Hytaý Täze ýylynyň alty gününiň içinde şäheriň gümrük edaralary 1976 sany salgydy yzyna gaýtarmak boýunça ýüztutmalary işledi, umumy satyn alyşlaryň möçberi 22 424 million ýuana (ýagny 3 million 200 müň ABŞ dollaryna) barabar boldy.
Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende geleşikleriň sanynyň 7.4 esse, umumy bahasynyň bolsa 1.4 esse artandygyny görkezýär.
Täze tehnologiýaly ýan telefonlarlary, wideolary düşürmeklige niýetlenen kameralary, ykjam kompýuterler we planşetler ýaly ýerli önümler umumy satuwyň 40 göterimine golaýyny düzdi.
Bu ösüş salgyt gaýtarymlary meýilnamasy boýunça daşary ýurtlardan Hytaýa gelip, söwda edýän syýahatçylaryň arasynda sarp edijiligiň artandygyny görkezýändir.