Lebizli Tehnologiýa Merkezi 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanda Bitrix24 platformasynyň satuwy boýunça birinji orny eýeläp, Altyn hyzmatdaş derejesini tassyklady. Kompaniýanyň bellemegine görä, gazanylan netije amala aşyrylan amaly taslamalaryň we işewürligi awtomatlaşdyrmak üçin sanly çözgütleri saýlan kärhanalaryň ynamynyň netijesidir.
Bitrix24 kompaniýany dolandyrmak üçin niýetlenen döwrebap ulgam bolup, esasy iş gurallaryny bitewi sanly giňişlikde birleşdirýär. Platforma müşderi binýadyny we geleşikleri ýöretmäge, işgärlere tabşyryklary bermäge, ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamaga, resminamalary saklamaga hem-de iş görkezijilerini seljermäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, ýolbaşçy iş prosesleri barada bitewi maglumat alýar, işgärler bolsa dürli messenjerler we aýratyn tablisalar bolmazdan, umumy ulgamda işleýärler.
Lebizli Tehnologiýa Merkezi standart funksiýalar ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, platformanyň müşderiniň aýratyn zerurlyklaryna laýyklykda uýgunlaşdyrylýandygyny belleýär. Kompaniýanyň hünärmenleri goşmaça bölümleri döredýärler, ylalaşyk proseslerini awtomatlaşdyrýarlar, beýleki hyzmatlar bilen integrasiýalary ornaşdyrýarlar we seljeriş gurallaryny sazlaýarlar. Netijede, işewürlik diňe bir ornaşdyrylan programma däl-de, eýsem kompaniýanyň içerki proseslerine laýyk gelýän doly dolandyryş guralyny alýar.
Taslamalary goldamak meselesine aýratyn üns berilýär. Müşderilere bir ýyllyk goldaw hyzmaty hödürlenýär, onuň çäklerinde maslahatlar, sazlamalaryň düzedilmegi hem-de işgärleriň ulgamy özleşdirmeklerine kömek berilýär.
Lebizli Tehnologiýa Merkezi web-ulgamlary, mobil goşundylary we kompaniýalaryň iş netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen aýratyn IT-çözgütleri taýýarlamak bilen meşgullanýar. Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., G. Kuliýew köçesi, 26, «Gökje» işewürlik merkezi
Tel.: (+99361) 00-97-92, (+99312) 75-37-13
Email: info@ltm.studio
Web-saýt: ltm.studio
WhatsApp: (+99361) 00-97-92
