Hytaýyň Bahar baýramynyň baý däp-dessurlary, ýurda wizasyz gelmek syýasaty we sarp edijiligiň höweslendirilmegi bilen Hytaýa gelýän halkara syýahatçylaryň sany artýar. Hepdäniň ýekşenbe güni başlanan dokuz günlük dynç alyş döwründe ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany barha köpelýär.
Milli immigrasiýa müdirligi, ýurda gündelik gelýän we gidýän syýahatçylaryň ortaça sany 2 million 50 müňden geçjekdigini çaklaýar, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 14.1% köpdür.
“Fliggy” syýahatçylyk onlaýn platformasynyň maglumatlary, şu döwürde halkara howa gatnawlaryna berlen sargytlaryň sanynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende dört esse artandygyny görkezýär: Şanhaý, Guançžou, Pekin we Çendu şäherleri syýahatçylaryň iň köp girýän şäherleridir.
Ýurda gelýän syýahatçylar Hytaýyň köptaraplylygyny öwrenmäge höwes bildirýärler. Germaniýaly myhman Sian, Çunçin, Şençžen, Ningbo we Şanhaý ýaly şäherlere baryp görmegi meýilleşdirýär. Günorta Amerikaly syýahatçy Haýnanyň deňiz önümlerini synap görmegi göz öňünde tutýar, şweýsariýaly syýahatçy bolsa şäherleriň iýmitlerini, medeniýetini, agzybirligini we jemgyýetini öwgüli sözleri bilen suratlandyrydy.