||
19-njy fewralda, penşenbe güni, birža söwdalaşyklarynda nebit-himiýa we oba hojalyk pudaklarynyň önümleri satyldy.
Daşary ýurt bazarynda geçirilen söwdalarda owganystanly telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Ýerli bazarda bolsa türkmen telekeçileri «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi bilen 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň netijeleri boýunça umumy bahasy 25 625 000,00 manada we 384 600,00 ABŞ dollaryna barabar bolan 4 sany geleşik baglaşyldy.
ORIENT
