Aşgabat, 2026-njy ýylyň 17-nji fewraly
17-nji fewralda, sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda nebit-himiýa, oba hojalygy, gurluşyk we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.
Daşary bazar söwdalarynyň dowamynda Birleşen Arap Emirliklerinden we Türkiýe Respublikasyndan bolan telekeçiler ýerli telekeçiler bilen birinji sort bugdaý ununy satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar. Beýik Britaniýanyň Birleşen Patyşalygynyň wekilleri türkmen öndürijileri bilen arassa gabardin matanyň üpjün edilmegi hakynda geleşik baglaşdylar. Mundan başga-da, BAE-den bolan telekeçiler Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen portlandsementi satyn almak barada geleşikleri resmileşdirdiler.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler "Türkmennebit" döwlet konserni bilen "TPP D 30 S" kysymly polipropileni, şeýle hem Dokma senagaty ministrligi bilen nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 10 634 600,00 manat we 2 570 910,00 ABŞ dollary bolan 7 geleşik baglaşyldy.
ORIENT
