Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) Içerki ulag baradaky komitetiniň 88-nji sessiýasy öz işine başlady. Bu komitet dünýäniň ulag syýasatyny kemala getirmekde iň abraýly halkara meýdançalarynyň biridir. Bu wekilçilikli forumda Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew ýolbaşçylyk edýär.
«Içerki ulaglaryň geljegi üçin innowasiýalary ilerletmek» şygary astynda geçirilýän häzirki sessiýa, halkara logistika ulgamlaryny awtomatlaşdyrmak we sanlarylaşdyrmak babatda pikirleriň jemlenen merkezine öwrüldi. Ministrler derejesindäki çekişmeleriň üns merkezinde — intellektual çözgütleri ornaşdyrmak we durnukly söwdanyň esasy hökmünde ulag gatnaşyklaryny berkitmek meseleleri durýar.

Ýokary derejeli bölümiň çäklerinde çykyş edip, Batyr Annaýew pudagyň sanly özgerdilmeginiňTürkmenistan üçin döwlet derejesinde strategik ileri tutulýan ugurdygyny belledi. Wekiliýetiň ýolbaşçysy milli kadalaşdyryjy binýady täzelemek boýunça alnyp barylýan ulgamlaýyn işlere ünsi çekdi, bu bolsa elektron resminama dolanşygyny we döwletara maglumat alyş-çalyş mehanizmlerini netijeli ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Çykyşda «Demirgazyk–Günorta» we «Günbatar–Gündogar» ugurlary boýunça «bökdençsiz» sanly ulag geçelgelerini kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berildi. Bu ugurda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen amaly hyzmatdaşlyk, esasanam multimodal ulaglary özgertmek we maglumat akymlaryny awtomatlaşdyrmak babatda eýýäm öz miwelerini berýär.

Şeýle hem, türkmen tarapy halkara jemgyýetçiligine milli taslamalaryň we ählumumy durnukly ösüş maksatlarynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy barada belläp geçdi. Bu işiň esasyny ýurdumyzyň başlangyjy bilen yglan edilen we döwletleriň howpsuz we ekologiýa taýdan arassa infrastrukturany döretmekdäki tagallalaryny utgaşdyrmagy maksat edinýän 2026–2035-nji ýyllar üçin durnukly ulag onýyllygy düzýär.
Ženewadaky sessiýa 20-nji fewrala çenli dowam eder. Oňa häzirki wagtda halkara ulaglarynyň geljegini kesgitleýän ulag edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we ulag pudagynyň liderleri gatnaşýarlar.
