Dürli ýurtlaryň şäherlerinde Hytaý Täze ýyly we Ýylky ýylynyň başlanmagy mynasybetli çyra görkezilişleri, ybadathana ýarmarkalary we medeni çäreler geçirildi. Çäreler baýramçylyk ýagdaýyny döredip, Hytaý bilen medeni gatnaşyklary açyp görkezdi.
15-nji fewral agşamynda Sankt-Peterburgyň birnäçe medeni ýadygärlikleri gyzyl reňk bilen yşyklandyryldy. Dabara hytaý we rus myhmanlary, şeýle hem şäher ýaşaýyjylary gatnaşdylar. Petropawlowsk galasy Syçuan welaýatyndan getirilen Szygun çyralary bilen bezeldi. Mundan başga-da, Köşk köprüsi we Lahta-merkezi "hytaý gyzyl" reňki bilen bezeldi. "Biz Bahar baýramyny her ýyl täze pikirler bilen belleýäris. Çyralar üçin Syçuan welaýatyna hoşallygymyzy bildirýäris, olar dostluk, parahatçylyk we abadançylygyň nyşany" - diýip, Ýewgeniý Grigorýew aýtdy.
14-nji fewralda Almatyda baýramçylyk çäreleri geçirildi. Howa menzilinde medeni stendler gurnaldy, bu ýerde syýahatçylar hatdatlyk we milli tagamlar bilen tanyşdylar.
Şol gün Oklendiň 10 müňden gowrak ýaşaýjysy Bahar baýramyny bilelikde belläp geçdiler. Açylyş dabarasynda Täze Zelandiýanyň premýer-ministri Kristofer Lýukson gatnaşdy. Ol gatnaşyjylary gutlady we ýakynlary bilen şatlykly wagt geçirmeklerini arzuw etdi.
14-nji fewralda San-Hosede milli medeniýetiň ybadathana ýarmarkasy açyldy, ol 50 müňden gowrak myhmany özüne çekdi.
Kanadada 13-nji fewralda Kalgari Halkara Howa Menziliniň terminaly çyralar we "Fu" iýerogliflary bilen bezeldi. Bu ýyl Alberta welaýaty bilen Heýlunszýan welaýatynyň doganlaşan şäher gatnaşyklarynyň 45 ýyllygy bellenilýär. Heýlunszýanyň wekiliýeti we buz heýkeltaraşlygy ussalary Kalgariň gyş festiwalyna gatnaşdylar. "At ýylynda hemmelere parahatçylyk, abadançylyk, saglyk we üstünlik arzuw edýärin" - diýip, Kalgariň häkimi Jeromi Farkas aýtdy.