Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Türkmenistanyňdaky Hemişelik wekilhanasy taslama analitigi (Project Analyst) wezipesine dalaşgärleri kabul edýändigini yglan etdi.
Aziýa ösüş banky — ştab-kwartirasy Manilada (Filippinler) ýerleşýän halkara ösüş maliýe institutydyr. Oňa 69 ýurt agza bolup, olaryň 50-si Aziýa we Ýuwaş umman sebitine degişlidir. AÖB 2030-njy ýyla çenli Strategiýanyň çäklerinde sebitde abadançylygy, inklýuziw ösüşi, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýär.
Habar berlişine görä, hünärmen Türkmenistandaky AÖB taslamalaryna we tehniki kömek bukjasyna seljeriş goldawyny berer, şeýle hem wekilhananyň maliýe we dolandyryş boýunça işlerine ýardam eder.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
• inženerçilik, maliýe, buhgalteriýa hasabaty, işewürlik dolandyryşy ýa-da degişli ugurlar boýunça bakalawr derejesi;
• degişli ugur boýunça azyndan 5 ýyl iş tejribesi (halkara guramalarda ösüş taslamalary we tehniki kömek boýunça tejribe artykmaçlyk hasaplanýar);
• satyn alyş, geňeşçileri işe almak we tölegleri amala aşyrmak amallary bilmek;
• taslamalar bukjasyna gözegçilik etmek, maglumatlary seljermek we hasabat taýýarlamak boýunça tejribe;
• okuw çärelerini we seminarlar geçirmegiň tejribesi;
• iňlis, rus we türkmen dillerini erkin bilmek (dilden we ýazmaça);
• ofis programmalaryny, şol sanda Excel programmasyny ynamly ulanmak.
Boş iş orny barada goşmaça maglumat we ýüz tutmak şertleri AÖB-niň resmi saýtyndaky Careers bölüminde ýerleşdirilendir: www.adb.org/careers/260086
Resminamalary tabşyrmagyň soňky möhleti — 2026-njy ýylyň 26-njy fewraly, Manila wagty boýunça 23:59-a çenli (08:00 GMT).
