4-nji fewralda Bişkek dünýäniň iri korporasiýalaryny we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetlerini özüne çekýän merkez boldy. «B5+1» ikinji işewürlik forumy alty ýurduň wekilleri bir meýdançada jemläp, sebitiň täze ykdysady mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Günüň esasy habary: Waşington sözden işe geçýär, üýtgeşmeleriň baş hereketlendiriji güýji bolsa işewürlikdir.
Amerikan öňdebaryjylary: Boeingden Apple çenli
Boeing, GE Healthcare, Nasdaq, Apple, FedEx, Coca-Cola we beýleki ägirt kompaniýalardan ABŞ-nyň 50-den gowrak ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagy, ABŞ-nyň sebit bilen gyzyklanmasynyň barha artýandygyny aýdyň görkezdi. Forumda çykyş eden ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Gor Waşingtonyň «C5» hyzmatdaşlygyny täze tehnologik derejä çykarmagy maksat edinýändigini, aýratyn-da emeli aň we innowasiýalar ugurlaryna uly üns berilýändigini belledi.
Türkmenistan: Gurluşlaýyn özgertmeler we täze maýa goýumlar
Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Ykdysadyýet we maliýe ministri Mämmetguly Astanagulow ýurduň ileri tutulýan ugurlaryny anyk beýan etdi. Onuň sözlerine görä, nebitgaz, oba hojalygy we gurluşyk pudagy daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde öňdebaryjy ugurlar bolup galýar.
«Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk etmek üçin gurluşlaýyn özgertmeleri amala aşyrýar», — diýip, ministr Mämmetguly Astanagulow nygtady we ýurduň sebit üpjünçilik zynjyrlaryna goşulmaga taýýardygyny tassyklady.

Hususy pudagyň sesi
«B5+1» forumynyň diňe ministrleriň duşuşyklary bilen çäklenmeýändigi aýratyn ähmiýetlidir. Ikinji gün Merkezi Aziýanyň halkara işewürlik we maýa goýum gün tertibine bagyşlanan mejlisde türkmen hususy pudagynyň wekili — Jemile Kerimowanyň (Ish Nokady) çykyş etmegine garaşylýar. Bu bolsa formatyň inklýuziw häsiýetini görkezýär. Türkmenistanyň hususy telekeçiligi «Franklin Templeton» we «Mastercard» ýaly gurluşlar bilen göni dialoga çykmak mümkinçiligini alýar.
Sebitleýin hyzmatdaşlyk: Dürlülikde bitewilik
«Bäşligiň» her bir ýurdy Bişkekde özleriniň giň göwrümli maksatlarynyň meýilnamalaryny hödürledi. ABŞ-dan $100 mlrd möçberindäki maýa goýumlara eýe bolan Gazagystan sebit üçin ýeke-täk syýahatçylyk wizasynyň girizilmegini öňe sürýär. Gyrgyzystan özüni işewür «özgertmeleriň awtory» meýdançasy hökmünde görkezýär. Özbegistan amerikan tehnologiýalary üçin uly bazara öwrülmäge taýýardygyny mälim etdi. Täjigistan bolsa uzak möhletli maýa goýumlar üçin ygtybarly merkez hökmündäki keşbini işjeň döredýär.
Bişkekde geçirilen «B5+1» forumy möhüm minerallar, elektron söwda we ulag ugurlarynda hakyky mehanizmleriň işe girizilmegini alamatlandyrýar. Serjio Goryň ýakynda Aşgabatda amala aşyran saparyndan soň bir zat aýdyň boldy: sebit indi çetde galýan meýdança däl, eýsem täze sanly we energetika eýýamynda strategik hyzmatdaş hökmünde görülýär.
