Öňünden çaklap bilmek diplomatiýasy — Raşid Meredowyň Dubaýdaky sammitde eden çykyşy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde (WGS-2026) bilermenleriň eýýäm «öňünden çaklap bilmek diplomatiýasy» diýip atlandyrýan strategiýasyny tanyşdyrdy. Köplenç krizisleriň netijeleri bilen göreşmäge öwrenişen dünýäde Aşgabat tassyklanan maglumatlara we öňüni alyş dolandyryşa daýanýan binýatda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny gurmagy teklip edýär.
ORIENT bu çykyşda beýan edilen esasy pikirleri aýratyn belläp geçdi.
Krizisleri dolandyrmakdan çaklamalara tarap: Türkmenistan Öňüni alyş döwlet dolandyryşynyň köptaraplaýyn platformasyny platformany döretmegi teklip etdi — bu «irki duýduryş» gurallary bilen alyş-çalyş etjek halkara gurluş bolup, howplaryň ýitileşen ýagdaýlara öwrülmezden öň azaldylmagyna we hyzmatdaşlaryň arasynda ynanyşmagyň bozulmagynyň öňüni almaga ýardam eder.
Bu döwletleriň birek-biregiň öňündäki jogapkärçiliginiň täze derejesidir. «Netijeli hyzmatdaşlyk krizisleri dolandyrmakdan öňüni alyş döwlet dolandyryşyna geçmegi talap edýär... Öňüni alyş çäreler meseleler ýüze çykandan soň hereketleri utgaşdyrmak bilen deňeşdirilende ep-esli az çykdajylara getirýär».
Güýjüň hökmürowanlygynyň deregine kanunyň hökmürowanlygy: Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürýär. Bu başlangyjyň maksady öňden bar bolan hukuk binýadyna hormaty berkitmekden we dikeltmekden, onuň hemmetaraplaýyn we bölünmez häsiýetini üpjün etmekden ybaratdyr.
«Biz 2028-nji ýyly we oňa taýýarlyk döwrüni ählumumy özgertmeleriň, güýçleriň deňagramlylygynyň üýtgemeginiň we täze gapma-garşylyklaryň görnüşleriniň ýüze çykmagynyň şertlerinde halkara hukugynyň orny baradaky giň gerimli dialog üçin, şeýle hem öňüni alyş diplomatiýanyň we jedelleriň parahatçylykly çözülmeginiň hukuk binýadyny berkitmek üçin mümkinçilik hökmünde görýäris».
Maglumat we emeli aňa bil baglamak: Raşid Meredow maglumatlaryň ygtybarlylygy üçin umumy ýörelgelere zerurlygyň bardygyny aýtdy. EA we galp habarlaryň döwründe Türkmenistan syýasy çözgütleri kabul etmekde «maglumatlary tassyklamak» ulgamyny goldaýar. Bu, liderligiň agalygynyna däl, öňünden çaklap bilmek ukybyna esaslanýan sanly döwriň döredýän çagyryşlaryna jogapdyr.
Şeýle ýörelgeler hyzmatdaşlaryň arasynda ynamy berkitmäge, çözgütleriň yzygiderliligini üpjün etmäge we emeli aňy hasaba almak bilen sanly gurallaryň ulanylmagy boýunça döwlet jogapkärçiligini güýçlendirmäge ýardam edip biler.
Ulag atlasy we ekologiya: Ministr Türkmenistanyň başlangyjy bilen gazanan üstünlikleri belläp geçdi — ýurduň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2026–2035-nji ýyllar «Durnukly ulagyň onýyllygy» diýlip yglan edilmegi we onýyllygyň maksatlarynyň ýerine ýetirilişini yzarlamak üçin «ýol kartasy» hem-de gözegçilik guraly hökmünde Durnukly ulag atlasy döredildi.
«Durnukly ulag atlasy» taslamasy logistikany we ekologiýany bir sanly karta birleşdirjek gözegçilik guraly bolar. «Bu tejribe ynama, inklýuziwlige we anyk maksatlara esaslanýan hyzmatdaşlygyň hakyky ählumumy netijeleri berip bilýändigini görkezýär».
Dubaýda edilen çykyş Türkmenistanyň keşbiniň üýtgeýşini görkezýär. Biz eýýäm diňe «energetka döwleti» däl. Biz — ählumumy dolandyryş üçin intellektual çözgütleri hödürleýän ýurt. 2028-nji ýyly « Halkara hukugyň ýyly » diýip yglan etmek baradaky başlangyç — bu dünýäni oýnuň düzgünlerine gaýtarmaga synanyşykdyr.
«XXI asyrda ýolbaşçylyk we bileleşikler, agalyk etmek ukyby bilen däl-de, öňünden çaklap bilmek, ynamy berkitmek we umumy kadalaryň berjaý edilmegini üpjün etmek ukyby bilen kesgitlenilýär».