26–29-njy mart aralygynda Stambulda Beauty & Care Istanbul 38-nji Halkara lukmançylyk estetikasy, ýaşartma we professional kosmetika sergisi geçiriler. Bu çäre onlarça ýyllap dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryny we dürli ýurtlardan gelen hünärmenleri bir ýere jemläp gelýän iri pudaklaýyn çäre bolup durýar.
Sergi tejribe alyşmak, täze hyzmatdaşlary tapmak we geljegi uly bazarlary özleşdirmek üçin özboluşly meýdança bolar.
Sergide nämeler hödürlener?
Ekspozisiýa häzirki zaman ideg we lukmançylyk ulgamynyň ähli esasy ugurlaryny öz içine alýar:
• Lukmançylyk estetikasy we kosmetologiýa üçin iň täze enjamlar;
• Plastik hirurgiýa pudagyndaky innowasiýalar;
• Professional kosmetika, saç bezegi we ýüz bezegi üçin önümler;
• SPA, Wellness we fitnes merkezleri üçin tehnologiýalar.
Sergi hünärmenleriň we işewürleriň giň toparyna niýetlenendir. Ol lukman-estetikler, diýetologlar, gözellik salonlarynyň, klinikalaryň we myhmanhanalaryň eýeleri, şeýle hem enjamlary paýlaýjylar üçin gymmatly maglumat çeşmesi bolar. Bu ýerde telekeçiler öndürijiler bilen gönüden-göni gepleşik geçirip, dünýä tendensiýalary bilen tanyşyp, hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyryp bilerler.
Beauty & Care 2026 sergisine gatnaşmak türkmen telekeçiligi üçin hil taýdan täze derejä çykmak we halkara işewürlik aragatnaşyklaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikdir.
Geçiriljek ýeri: Stambul, Lütfi Kirdar adyndaky Halkara maslahatlar we sergiler merkezi (Rumeli zaly).
Giňişleýin maglumat we hasaba alyş: guzellikvebakim.com
ORIENT
