
1-nji fewralda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Lusail uniwersitetiniň prezidenti Nitham Mohammed Hindi bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşyga Lusail uniwersitetiniň okuw işleri boýunça wise-prezidenti Hanym Fatma Mansour Al Maslah we uniwersitetiň Söwda we dolandyryş fakultetiniň dekany Adam Muhammed Aly Fadlalla hem gatnaşdylar.
Ilçi Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasy barada hem-de ýurdumyzda 2026-njy ýyl “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Bedew Batly At-Myradyň Mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy we Garaşsyzlygymyzyň 35-ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara ylmy maslahatlar bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem, Lusail uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekişmekligiň we hyzmatdaşlyk etmegiň ýollary barada maslahatlaşyldy.
ORIENT