Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

ÝUNISEF we Türkmenistanyň Bilim ministrligi oba mekdeplerinde gün energiýasyny ornaşdyrýarlar

02.02.2026|18:25|
28
yunisef-we-turkmenistanyn-bilim-ministrligi-oba-mekdeplerinde-gun-energiyasyny-ornasdyryarlar
Surat çeşmesi: Türkmenistandaky ÝUNISEF-iň wekiliýeti

ÝUNISEF Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Nurly Zaman obasynyň 33-nji mekdebinde häzirki zaman gün fotoelektrik ulgamynyň gurnalmagyny üstünlikli tamamlady. Bu taslama elektrik üpjünçiligindäki bökdençliklerden garaşsyz, durnukly bilim gurşawyny döretmek ugrunda möhüm ädim boldy.

Ulgamyň esasy maksady— möhüm infrastrukturalaryň üznüksiz işlemegini üpjün etmekdir. Gün energiýasynyň hasabyna 305 okuwçy we mugallymlar topary yzygiderli yşyklandyryşa we suwa elýeterlilik gazandylar. Awtonom suw nasoslary indi gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanyp işleýär we islendik ýagdaýda sanitariýa hem-de gigiýena kadalarynyň berjaý edilmegini kepillendirýär.

zelenaya-shkola

Tehniki toplum 36 kWt kuwwatly 62 sany gün panelinden, litium akkumulýatorlardan we häzirki zaman inwertorlardan ybaratdyr. Ähli enjamlar halkara howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýär, mekdebiň işgärleri bolsa olaryň ulanylyşy boýunça degişli okuwlary geçdiler.

Bu başlangyç «Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň çäginde amala aşyryldy we Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýasyny gönüden-göni goldaýar. Taslama oba ýerlerinde ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meselelerini netijeli çözýändigini hem-de çagalar üçin okuw işiniň üznüksizligini üpjün edýändigini aýdyň görkezýär.

yunisef-solnechnaya-energiya

ORIENT