Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmenistanly ýaş suratkeşler Tokioda geçirilen surat sergisine işjeň gatnaşdylar

02.02.2026|16:50|
44
turkmenistanly-yas-suratkesler-tokioda-gecirilen-surat-sergisine-isjen-gatnasdylar
Surat çeşmesi: japan.tmembassy.gov.tm / mfa.gov.tm

31-nji ýanwarda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherindäki Milli çeperçilik merkezinde "Çäksiz sungat" atly mekdep okuwçylarynyň surat eserleriniň sergisine gatnaşyjylaryna minnetdarlyk hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Sergä ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň 26-sy gatnaşyp, olaryň çeken suratlary serginiň çäklerinde döredilen Türkmenistanyň diwarlygynda ýerleşdirildi.

Dabaranyň jemleri boýunça Türkmenistandan sergä gatnaşan ähli mekdep okuwçylaryna minnetdarlyk hatlary gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Tokyo schoolchildren's paintings exhibition “Art beyond boundaries” turkmen schoolchildren

«Çäksiz sungat» atly mekdep okuwçylarynyň sergisi şu ýylyň 22-nji ýanwary 1-nji fewraly aralygynda «Ýaponiýa-Ýewraziýa» jemgyýeti we «SUMI» halkara assosiasiýasynyň bilelikde gurnamagynda geçirilip, oňa Ýaponiýada akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň Ilçihanalarynyň wekilleri, «Ýaponiýa-Ýewraziýa» jemgyýetiniň, «SUMI» halkara assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, görnükli sungat işgärleri we sergini synlamaga gelenler gatnaşdylar.

ORIENT