Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Raşid Meredow bilen Marko Rubio telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

01.02.2026|02:00|
243
rasid-meredow-bilen-marko-rubio-telefon-arkaly-sohbetdeslik-gecirdiler
Surat çeşmesi: Cliff Owen/AP

Waşington – Aşgabat | ORIENT. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio hem-de ýörite wekili Serjio Gor bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Merkezi Aziýada sebit howpsuzlygyny we ykdysady abadançylygy berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň ösüşine aýratyn üns berildi. Döwlet sekretary Marko Rubio ABŞ-nyň işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Şu gezekki gepleşikler ýakynda ýörite wekil Serjio Goryň ýakynda Aşgabada amala aşyran saparynyň logiki dowamy boldy. Şol saparyň dowamynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi.

Waşingtonyň ýokary derejeli wekiliniň türkmen paýtagtyna sapary we onuň yz ýanyndan Döwlet sekretary Marko Rubionyň telefon arkaly söhbetdeşligi ABŞ administrasiýasynyň Türkmenistan bilen, şol sanda «C5+1» formatynyň çäginde, göni we açyk dialoga ymtylýandygyny hem-de aragatnaşyklaryň ýokary depginli häsiýete eýedigini görkezýär.