Aşgabat, 30-njy ýanwar | ORIENT. Türkmeistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklaýan resminama gol çekdi. Bu resminama ýurduň senagatlaşdyrylmagynyň täze tapgyryny işe girizýär, bu ýerde innowasiýalaryň we emeli aňyň ornaşdyrylmagy möhüm orny eýeleýär.
Sanly tehnologiýadan emeli aňa çenli. Täze maksatnamanyň esasy tapawudy Emeli aňy ösdürmek boýunça milli strategiýany işläp düzmek we durmuşa geçirmek bolar. Wise-premýer Mämmethan Çakyýewiň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabatynda beýan edişine görä, resminamada diňe bir emeli aňly tehnologiýalaryny önümçilikde ulanmak däl, eýsem geljekki nesil IT ugrundaky hünärmenleri taýýarlamak üçin toplumlaýyn ulgamyň döredilmegi hem göz öňünde tutulýar.
2026–2028-nji ýyllar üçin hereket meýilnamasy. Tassyklanan Hereketleriň meýilnamasy ähli ministrlikler, agentlikler we şäher häkimlikleri üçin ýol kartasy hökmünde hyzmat eder. Maksatnamanyň esasy ugurlary aşakdakylary öz içine alýar:
Innowasion üstaşyr: ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň sanly dolandyryşa geçmegi.
Adam maýasy: “Data Science” we algoritimleri düzmek pudagyndaky hünärmenleriň hünär derejesini ulgamlaýyn ösdürmek.
Bäsdeşlige ukyplylyk: sebitleýin we dünýä bazarlarda bäsleşip biljek ýokary tehnologiýaly önümçilik desgalaryny döretmek.
Sanlylaşdyrmagyň öňki tapgyrlary, esasan, awtomatlaşdyrmaga we infrastrukturanyň ösüşine gönükdirilen bolsa, 2026–2028-nji ýyllar üçin niýetlenen maksatnama ykdysadyýetei “intellektuallaşdyrmaga” gönükdirilendir. Emeli aňyň ösdürilmegine gönükdirilen üns, Türkmenistany neýron ulgamlaryny we maşyn boýunça öwrenmegini zähmet öndürijiliginde hil taýdan öňe gitmegiň ýeke-täk ýoly hökmünde görýän ählumumy oýunçylary bilen bir hatarda goýýar.
