Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy assistent wezipesi boýunça boş iş ornunyň açylandygyny habar berýär.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar: ýokary bilimiň bolmagy, türkmen we iňlis dillerini dilden hem ýazmaça erkin derejede bilmegi, şeýle hem kompýuter bilen işlemekde ynamly başarnyklaryň bolmagy. Hususan-da, Windows operasion ulgamy we MS Office programmalary, şol sanda Word we Excel bilen işlemek tejribesi zerurdyr.
Gyzyklanma bildirýän dalaşgärlere iňlis dilinde taýýarlanan şahsy maglumatlary aşakdaky elektron poçta salgysyna ibermek teklip edilýär: ashgabat@mission.mfa.gov.az