
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty (TDEI) V Açyk Halkara nazary mehanika internet-olimpiadasyna gatnaşyjylary kabul edýändigini yglan edýär. Zehin bäsleşigi 2026-njy ýylyň 24–28-nji marty aralygynda geçiriler we Türkmenistandan hem-de daşary ýurtlardan iň zehinli talyplary bir ýere jemlär.
Olimpiada hünärine we okuw ýylyna garamazdan ähli talyplar üçin açykdyr. Bäsleşik iki görnüşde geçiriler:
• Şahsy bäsleşik: her ýokary okuw mekdebinden 10 talyba çenli gatnaşyp biler.
• Toparlaýyn bäsleşik: her ýokary okuw mekdebi 1 ýa-da 2 topar (her topar 5 adamdan köp bolmadyk) hödürläp biler.
Halkara olimpiada üç dilde geçiriler: türkmen, rus we iňlis dillerinde.
Format we tabşyryklar
Şahsy bäsleşigiň gatnaşyjylary 240 minudyň dowamynda statika, kinematika we dinamika boýunça 8 meseläni çözmeli bolarlar. Toparlaýyn tapgyr has çalt geçer: 5 sany çylşyrymly meseläni çözmek üçin bary-ýogy 60 minut berler. Ähli tabşyryklar bäsleşigiň geçirilýän günlerinde institutyň resmi web-saýtyndaky ýörite bölümde ýerleşdiriler.
Nädip hasaba durmaly?
Gatnaşyjylaryň hasaba alnyşygy 15-nji marta çenli dowam eder. Giňişleýin maglumat almak we arza tabşyrmak üçin TDEI-niň resmi web-saýtyndan peýdalanyp ýa-da guramaçylyk topary bilen aşakdaky telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz:
• +993 12 5-75-02;
• +993 64 68-10-23;
• +993 64 20-74-44.
Şeýle hem soraglary aşakdaky elektron poçta salgylaryna iberip bilersiňiz: tdei@tdei.edu.tm we energetikatdei@gmail.com.
ORIENT