
Aşgabat — Kabul | ORIENT. Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk şu ýylda has-da anyk we mazmunly häsiýete eýe boljakdagyny wada berýär. Şu gün wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Amir Han Muttakiniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Üns merkezinde – iri möçberli serhetüsti başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi: TOPH (TAPI) gaz geçirijisiniň, TOP (TAP) elektrik geçiriji ulgamynyň we demir ýollar. “Ariana News” neşiriniň habar bermegine görä, taraplar işleriň barşynyň oňyn depginde gidýändigini kanagatlanma bilen belläp, taslamalaryň amaly durmuşa geçirmek tapgyryna çykandygyny nygtadylar. Raşid Meredow öňde boljak ýokary derejeli wekiliýetleriň saparlaryny taýýarlamak we täze ikitaraplaýyn başlangyçlary guramak üçin ýakyndan hyzmatdaşlygyň zerurdygyny belledi.
Hyrat bölegi: 91 kilometrlik taýýarlyk. Hyrat welaýatyndan gelen habarlar gepleşiklere aýratyn ähmiýet berýär. Owganystanyň häkimiýetleriniň maglumatlaryna görä, ugruň günbatar böleginde möhüm derejede ösüş gazanyldy: göni turbalary goýmak üçin niýetlenen, uzynlygy 91 kilometre barabar bolan ýol tehniki taýdan doly taýýarlanyldy.
Bu işler ýakynda Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjaryň türkmen tarapynyň wekilleri — Owganystanda TOPH taslamasynyň ýolbaşçysy Begenç Abdullaýew hem-de Türkmenistanyň Baş konsuly Batyr Ýolow bilen bolan duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýoluň ugrunda gurluşyk işleriniň logistikasyny we goldawyny üpjün edýän işçi düşelgeleri eýýäm ýerleşdirildi diýip, habar berilýär.

Meýilleşdirmegiň gözýetimi — 2026. Häzirki meýilnamalara laýyklykda, TOPH gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyndan geçýän bölegindäki gurluşyk işleriniň şu ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagyna garaşylýar. Merkezi we Günorta Aziýany baglanyşdyrmagy maksat edinýän bu taslama sebitde durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň möhüm sütüni bolmagynda galýar, şeýle hem müňlerçe iş orunlaryny döretmek we energetika infrastrukturasyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.