Türkmenistan we Katar ýokary tehnologiýalar we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

27-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Katar Döwletiniň Doha ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Nasser Al Naeimiň ýolbaşçylygyndaky Katar wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu sapar iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda möhüm ädim boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web-saýtynda habar berilýär.
Gepleşikleriň esasy netijesi hökmünde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Katar Döwletiniň Doha ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, şeýle hem talyplaryň we mugallymlaryň arasynda alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmak üçin hukuk binýadyny döredýär.
Ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň anyk çäreleriniň meýilnamasy kesgitlenildi. Sanly tehnologiýalaryň ösüşine, maglumat howpsuzlygyna, innowasion maksatnamalaryň işe girizilmegine we bilelikdäki ylmy işleriň alnyp barylmagyna aýratyn üns berildi.
Katar tarapy ähli başlangyçlary amaly taýdan durmuşa geçirmäge doly taýýardygyny beýan etdi. Bu bolsa iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň hakyky we uzak möhletli häsiýete eýedigini tassyklaýar.
Bu sapar 2024-nji ýylda Doha şäherinde gazanylan ylalaşyklaryň dowamydyr. Katar bilen göni hyzmatdaşlyk milli bilimiň abraýyny ýokarlandyrmaga we sanly ykdysadyýet üçin dünýä derejesindäki hünärmenleri taýýarlamaga ýardam eder.
ORIENT