Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmenbaşy bilen Baku portlary Hazar logistika bileleşigini berkidýär

28.01.2026|00:48|
171
turkmenbasy-bilen-baku-portlary-hazar-logistika-bilelesigini-berkityar
Surat çeşmesi: orient.tm

Baku | ORIENT. Hazar deňzi ählumumy ulag ugurlarynyň möhüm baglanyşyga öwrülýär. Bakuda sebitdäki iki iri portuň direktorynyň iş duşuşygy geçirildi — Parahat Jumaýew (Türkmenbaşy Halkara deňiz Porty) we Eldar Salahow (Baku Halkara deňiz porty). Türkmenistanyň ilçisi Gurbanmämmet Elyasowyň gepleşiklere gatnaşmagy bu dialogyň ýokary strategik ähmiýete eýedigini görkezdi.

Sanlar we ýol ugurlarynyň ykdysadyýeti: Duşuşyk oňyn ýagdaýda geçdi: Azerbaýjan tarapyndan berlen maglumatlara görä, 2025-nji ýylda iki ýurduň arasynda üstaşyr geçirişiň mukdary 13% ýokarlanyp, diňe ýylyň ilkinji 7 aýynda 1,2 million tonnadan geçdi. Esasy tendensiýa — multimodal geçirişleriň we konteýnerleşdirmegiň ösüşi. Port we demir ýol hyzmatlarynyň nyrhlarynyň peseldilmegi öz netijelerini berdi we Türkmenbaşy — Alýat baglanyşygy Orta geçelgäniň has netijeli ugruna öwrüldi.

Hazar deňzinden Gara deňzine çenli. Taraplar aýratyn ünsüni «Uly üstaşyr» — Hazar deňzi – Gara deňzi geçelgesiniň ösdürilmegine berdiler. Bu uly göwrümli taslama biziň portlarymy Gruziýanyň Poti we Batumi portlaryna, ondan aňryk bolsa – Rumyniýanyň Konstanza portuna çenli baglanyşdyr. Aslynda gürrüň, ýeke-täk logistika giňişligini döretmek barada barýar. Bu ýerde Türkmenbaşy halkara deňiz porty Merkezi Aziýanyň esasy derwezesi hökmünde hereket edýär.

Sanly dialog we “Ýaşyl geçelge”: Adaty nebit we demir ýol wagonlarynyň daşalmagyndan başga-da, portlar maglumat alyş-çalşygyny doly amala aşyrmak barada işjeň pikir alyşýarlar. Bu bolsa, üstaşyr gatnawy bökdençsiz edip, gümrük we kagyz işleriniň wagtyny azaldar. Şeýle hem sebitleýin gün tertinbine laýyklykda Ýewropa ulag standartlaryny ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar, munuň özi Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin aýratyn möhümdir.