NASA tarapyndan ulanylýan aşa agyr Space Launch System (SLS) raketasy ABŞ-nyň Florida ştatynda, Kanaweral burnunda ýerleşýän Kennedi adyndaky Kosmos merkeziniň 39B start meýdançasyna getirildi. Bu tapgyr Artemis II missiýasyna — Apollo maksatnamasyndan bäri Aýa amala aşyrylýan ilkinji adamly uçuşa — taýýarlygyň iň möhüm tapgyrlarynyň biri boldy.
98 metr beýiklikdäki raketanyň gurnama-synag binasyndan start meýdançasyna geçirilmegi takmynan 12 sagat dowam etdi. Uzynlygy 6,5 kilometr bolan ýol boýunça SLS raketasy ýörite crawler-transporter atly zynjyrly platformanyň kömegi bilen dik ýagdaýda daşaldy. Platformanyň tizligi sagatda 1,3 km-den geçmedi. Bu proses göni ýaýlymda görkezildi.
Raketa start meýdançasyna ýerleşdirilenden soň, NASA-nyň hünärmenleri soňky barlaglara, synaglara hem-de “çygly umumy taýýarlyk” diýlip atlandyrylýan tapgyra girişerler. Bu tapgyrda raketanyň ýangyç bilen doldurylmagy we ähli sanawdan yza sanamak amallary synagdan geçiriler. Agentligiň maglumatlaryna görä, Artemis II missiýasynyň iň irki mümkin bolan uçuş senesi 6-njy fewral hökmünde kesgitlenýär. Şeýle hem fewral, mart we aprel aýlarynda goşmaça start penjireleri göz öňünde tutulýar.
Missiýanyň ekipažyna NASA-nyň astronawtlary Rid Uaýzmen, Wiktor Glower, Kristina Koh hem-de kanadaly astronawt Jeremi Hansen girýär. Raketanyň daşalýan wagtynda olar kosmodromda boldular. Birnäçe hepdeden soň olar Orion kosmos gämisine münüp, uzak kosmosa ugrar.
Artemis II missiýasy Aýa gonmagy göz öňünde tutmaýar. Ekipažly gämi Aýyň daşyndan, şol sanda onuň ters tarapyndan aýlanyp geçer. Bu bolsa geljekde meýilleşdirilýän Artemis III missiýasynyň — Aýa gonuşy öz içine alýan ekspedisiýanyň — binýadyny döreder. Bu missiýanyň uçuşy 2027-nji ýyldan ir bolmaz diýlip meýilleşdirilýär, emma bilermenleriň pikirine görä, iň hakykata golaý möhlet 2028-nji ýyl hasaplanýar.
Uçuşyň ilkinji günlerinde ekipaž Ýeriň orbitasynda bolup, Ýerden 40 müň mile çenli uzaklaşar. Soňra gämi Aýa tarap ugrar we takmynan 400 müň kilometr aralyga çykar. Aýyň ters tarapyndan geçilýän wagtynda astronawtlar birnäçe sagatlap synag işlerini alyp bararlar, suratlar düşürerler we geologiki aýratynlyklary öwrenerler. Bu maglumatlar Aýyň günorta polýusyna meýilleşdirilýän geljekki ekspedisiýa taýýarlyk üçin möhüm ähmiýete eýe bolar.
Missiýada möhüm orny Ýewropa hyzmat moduly eýeleýär. Ol Ýewropa Kosmos Agentligi tarapyndan işlenip taýýarlanyldy we Germaniýada Airbus kompaniýasy tarapyndan guruldy. Bu modul Orion kosmos gämisini energiýa, hereketlendiriji ulgam, şeýle hem ekipažyň ýaşaýyş üpjünçiligi üçin zerur bolan howa we suw ätiýaçlyklary bilen üpjün edýär.
Artemis maksatnamasynyň köp ýyllap dowam eden gijikmelerine garamazdan, NASA howpsuzlygyň esasy ileri tutulýan ugur bolup galýandygyny belleýär. Missiýanyň ýolbaşçylarynyň bellemegine görä, ähli ulgamlaryň doly taýýar bolmagyndan soňra, ekipažyň goragyna degişli meselelerde hiç hili eglişiklere ýol bermezden uçuş amala aşyrylar.
Artemis II adamzadyň Aýa adamly uçuşlaryny täzeden dikeltmekde taryhy ädim bolup, uzak kosmosy öwrenmegiň täze sahypasyny açar.
ORIENT
