2025-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda Türkmenistan we Gazagystan tarapyndan çykarylan, Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) ugry boýunça geçirilýän üstaşyr nebitiň möçberi 3,7 million tonnadan gowrak boldy.
Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, bu görkeziji degişli magistral arkaly daşalan nebitiň umumy möçberiniň takmynan 15 göterimini düzýär.
Umuman alanyňda, ýanwar–noýabr aýlarynda Azerbaýjanyň nebit geçirijileri arkaly 33,4 million tonnadan gowrak çig mal daşaldy. Esasy akym 1 768 kilometr uzynlygy bolan strategik BTJ nebit geçirijisi arkaly amala aşyrylýar. Bu turbageçiriji Hazar sebitini Ortaýer deňzi bilen baglanyşdyrýar we Türkiýäniň Jeýhan porty arkaly dünýä bazarlaryna çykmagy üpjün edýär.
Üstaşyr geçirmeleriň artmagy Bakunyň Merkezi Aziýanyň energetika serişdeleri üçin esasy logistika merkezi hökmündäki ornuny tassyklaýar. Sebit üçin bu eksport ugurlarynyň durnuklylygyny we Hazar ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegini aňladýar.
ORIENT
