
20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasynyň guramagynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň wekilleri bilen Kataryň Bilim şäherçesinde ýerleşen Hamad bin Halifa adyndaky uniwersitetiniň dekanlary we ylmy işgärleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ilçi, Türkmenistanda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy hem-de Watanmyzyň Garaşsyzlygynyň 35-ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreler barada tanyşdyrdy.
Duşuşygyň dowamynda wekiliýetiň agzalary uniwersitetiň kitaphanasyna baryp gördi we onuň baý kitap gaznasy hem-de olaryň saklanyşy, ullanylşy, häzirki zaman sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy bilen ýakyndan tanyşdylar. Duşuşygyň çäklerinde arap dilini ösdürmek, kämilleşdirdek şeýle hem gadymy arap dilindäki golýazmalary öwrenmegiň täzeçil usullary barada maslahatlaşyldy.

Şeýle hem uniwersitetiň yslam sungaty eserleriniň äheňindäki binagärçilik taslamasy bilen tanyşdylar. Mundan başgada, gelejekde bu ugur ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak, ösdürmek we tejribe alyşmak bilen bagly birnäçe meseleler barada pikir alyşyldy.
ORIENT