19-njy ýanwarda Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebinde 10-14-nji ýanwary aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen XXII Halkara Žautykow olimpiadasynda ýeňiji bolan mekdep okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu barada TBM habar berýär.
Türkmenistanly mekdep okuwçylar bu abraýly halkara bäsleşiginde 1 sany altyn, 4 kümüş we 11 sany bürünç medala eýe boldular. Halkara olimpiadasyna Türkmenistanyň zehinli mekdep okuwçylaryndan saýlanan 28 okuwçy gatnaşyp, jemi 16 döwletden 600-den gowrak okuwçylar bäsleşdiler.
Halkara Žautykow olimpiadasy 2005-nji ýyldan bäri Gazagystanyň Magaryf ministrliginiň “Daryn” ylmy-amaly merkeziniň guramagynda geçirilýär. Bu olimpiada her ýyl fizika, matematika, informatika okuw derslerinden geçirilip, ol Halkara derejesine eýedir. Onuň maksady mekdep okuwçylarynyň arasynda fizika, matematika, informatika ylymlaryny ýaýbaňlandyrmakdan, dürli ýurtlaryň ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň arasynda dostlukly özara gatnaşygy ýola goýmakdan we tejribe alyşmakdan ybaratdyr. Halkara Žautykow olimpiadasyna ýurdumyzyň mekdep okuwçylary 2010-njy ýyldan bäri gatnaşyp gelýärler. Bu halkara olimpiadasyna gatnaşýan ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň gazanýan üstünlikleri ýyl-ýyldan artýar.
ORIENT
