Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Aşgabat bilen Wena ýokary derejedäki duşuşyklaryň tertibini ylalaşýarlar

19.01.2026|23:15|
655
asgabat-bilen-wena-yokary-derejedaki-dususyklaryn-tertibini-ylalasyarlar
Surat çeşmesi: mfa.gov.tm

Aşgabat, 19-njy ýanwar | ORIENT. Şu gün Türkmenistanyň we Awstriýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary – Raşid Meredow bilen Beata Maýnl-Raýzingeriň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. «Meseleleriň giň gerimini» ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda, taraplar 2026-njy ýylda ýokary derejedäki duşuşyklary guramagyň mümkinçiliklerine garadylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-de habar berildi.

Taraplar BMG, ÝB we ÝHHG ýaly köptaraplaýyn düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar. Bu düzümlerde Aşgbat bilen Wena köplenç birmeňzeş başlangyçlar bilen çykyş edýärler.

Soňky wagtda Aşgabat bilen Wenanyň arasyndaky dialog aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýokary derejede meýilleşdirilýän saparlar täze iri maýa goýum şertnamalary üçin başlangyç nokady bolup biler.

19012026-turkmenistan-austria-foreign-ministers-video-talks (1).jpg