Dekabr aýynda BORK brendiniň Türkmenistandaky resmi wekilleri täze kolleksiýanyň tanyşdyrylyşyny geçirdiler. Bu çäre häzirki zaman tehnologiýalary we dizaýn ulgamy üçin möhüm waka öwrüldi.
Çäre tehnologiýa we gastronomiýa pudagynyň wekillerini bir ýere jemläp, brendiň premium çözgütlerine bolan ýokary gyzyklanmany tassyklady. Tanyşdyrylyş maksatnamasy üç günläp dowam etdi.
Maksatnamanyň birinji gününde BORK topary myhmanlar üçin gastronomiki ussatlyk sapagyny geçirdi we brendiň tehnikasynyň mümkinçiliklerini görkezdi.
Ikinji gün «Arkaç» işewürlik merkeziniň meýdançasynda täze önüm hatarynyň we Avalon massaž oturgyjynyň ýapyk perfomans-tanyşdyrylyşy geçirildi.

Üçünji gün gözellik innowasiýalaryna bagyşlandy: bilermenler hünär tejribelerini paýlaşyp, gözellik we saglyk pudagyndaky häzirki zaman çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Birnäçe çäreleriň üstünlikli geçmegi Täze ýyl baýramlarynyň öňüsyrasynda BORK-yň häzirki zaman çözgütlerine bolan gyzyklanmanyň ýokarydygyny görkezdi.

BORK şourumy «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde, 1-nji gatda ýerleşýär. BORK maslahatçylary özüňiz we ýakynlaryňyz üçin sowgat saýlamakda size kömek ederler.
Habarlaşmak üçin:
(+99365) 62-77-11
Instagram: bork_turkmenistan
