2025-nji ýylyň 3-nji oktýabryndan 23-nji noýabry aralygynda ÝUNESKO-nyň Almaty sebit edarasy tarapyndan Gazagystanyň ÝUNESKO klublarynyň Milli federasiýasy, Beýik Britaniýanyň Astana şäherindäki ilçihanasy hem-de Gyrgyz Respublikasynyň ÝUNESKO klublarynyň Assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen «Deň mümkinçilik sungaty: sport we emeli aň» atly sebit döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi.

Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylara «Zenanlar we emeli aň» hem-de «Zenanlar sport dünýäsinde» atly iki ugur boýunça döredijilik işleri hödürlendi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň 18 ýaşa çenli bolan ýaş suratkeşleriniň 25 sany iň gowy işleri saýlanyp alyndy.

Bu döredijilik bäsleşigi sebitde gender deňligi, sportuň deň mümkinçilikleri üpjün edýän giňişlik hökmünde ähmiýeti, şeýle hem emeli aňyň häzirki jemgyýetdäki orny baradaky meseleleri ýaşlaryň döredijilik garaýşy arkaly açyp görkezýän möhüm meýdança öwrüldi.

Ýurdumyzdan Mary welaýatynyň Mary şäherindäki ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna agza 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň okuwçylary Täçgulyýewa Gözel, Nurmuhammedowa Jennet, Orazowa Arzuw bäsleşige gatnaşyp, işleriniň çuň many mazmuny we ýokary çeperçilik derejesi bilen tapawutlanyp ýeňiji boldular. Şeýle hem, olaryň utgaşdyryjy mugallymy Badyýewa Jeren gatnaşyjylary taýýarlamakdaky pedagogik goldawy we goşandy üçin ýörite şahadatnama bilen sylaglandy.

2025-nji ýylyň 3–8-nji dekabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen jemleýji sergide bäsleşigiň iň gowy 25 işi, şol sanda türkmenistanly ýaşlaryň eserleri görkezildi. Saýlanyp alnan eserleriň awtorlaryna we olaryň halypalaryna şahadatnamalar hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

«Deň mümkinçilik sungaty: sport we emeli aň» atly sebit bäsleşigi sungatyň, sanly tehnologiýalaryň we jemgyýetçilik ähmiýetli başlangyçlaryň üstünlikli utgaşdyrylmagynyň mysaly bolup, ýaşlaryň gender deňligi düşünjesini pugtalandyrmaga gönükdirildi.

