22-nji dekabr agşamynda Aşgabat Halkara howa menzilinde tehniki näsazlyk sebäpli Dubaý–Ýekaterinburg ugry boýunça uçan «Ural awiakompaniýalarynyň» uçary mejbury ýagdaýda gondy.
Awiakompaniýanyň Telegram-ýaýlymynda bellenilişi ýaly, howa gämisiniň komandiri ýangyç görkezijileriniň arasynda tapawut bardygyny anyklap, görkezmelere we howpsuzlyk talaplaryna laýyklykda hereketlendirijini öçürdi hem-de iň ýakyn howa menzilinde — Aşgabat Halkara howa menzilinde üstünlikli gondy.
Aşgabat Halkara howa menziliniň işgärleriniň we beýleki degişli edaralaryň sazlaşykly hereketleriniň netijesinde 93 ýolagça we 8 ekipaž agzasyna paýtagtymyzdaky myhmanhanalaryň birine ýerleşdirilmek, suw we gyzgyn nahar bilen üpjün etmek boýunça wagtynda kömek görkezildi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy öz Telegram-ýaýlymynda habar berdi.
Şeýle hem Ilçihananyň diplomatlary dessine myhmanhana bardylar, onuň işgärleri we Aşgabat howa menziliniň degişli gulluklary bilen aragatnaşyk sakladylar. Ýerli wagt bilen sagat 06:40-da dostlukly ýurduň ähli raýatlary Russiýadan gelen ätiýaçlyk bort arkaly Ýekaterinburga uçdylar.
«Görkezilen goldaw üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirýäris», — diýlip Ilçihananyň habarynda bellenilýär.
