5-nji dekabrda “Arkaç” Söwda we dynç alyş merkezinde Mango halkara moda brendiniň Türkmenistandaky ilkinji resmi dükanynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Şeýlelikde, bu brendiň resmi taýdan açylan ýurtlarynyň sanyna Türkmenistan hem goşulyp, bu sanawda 113-nji ýurt boldy. Aşgabatdaky täze dükanyň kompaniýanyň dünýä boýunça 2164-nji dükanydygy habar berildi.

“Arkaç” SDAM-nyň birinji gatynda ýerleşýän täze dükanda müşderilere brendiň täze möwsümleýin egin-eşik toplumy hödürlenýär. Bu ýerde zenanlar, erkekler we çagalar üçin niýetlenen egin-eşikleriň giň görnüşi bar.

Mango brendi barada
Mango brendi 1984-nji ýylda Barselonada doganlar Isak we Nahman Andikler tarapyndan döredildi. Ilkinji dükan döwrebap elýeterli zenan eşiklerini hödürleýärdi, brendiň ady bolsa täzeligi we döwrebaplylygy alamatlandyrýardy.

Wagtyň geçmegi bilen kompaniýa öz hataryny giňeldip, erkekler we çagalar üçin kolleksiýalary hem döretdi, 2000-nji ýylda bolsa internet-dükanyny açdy.

Aşgabatdaky dükanyň salgysy we habarlaşmak üçin:
“Arkaç” SDAM, 1-nji gat
Telefon: +99371) 06-42-55
ORIENT
