2025-nji ýylyň 8-nji dekabryndan başlap Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambul – Phukhet – Stambul ugry boýunça uçuşlaryň sanyny hepdede 11-e çenli köpelder. Bu bolsa gyzgalaňly möwsümde meşhur dynç alyş ugry boýunça elýeterliligi gowulandyrmaga mümkinçilik berer.
Täzelenen tertibe görä, uçuşlar her gün birnäçe gatnaw bilen ýerine ýetiriler.
Esasy gatnawlar:
TK172
• Başlanýan senesi: 27/10/2025
• Günler: her gün (1234567)
• Ugur: IST (Stambul) 02:15 (ugraýar) → HKT (Phukhet) 15:45 (gonýar)
TK173
• Başlanýan senesi: 26/10/2025
• Günler: her gün (1234567)
• Ugur: HKT 22:25 → IST 05:30
Goşmaça gatnawlar (08/12/2025-dan başlap)
TK166
• Başlanýan senesi: 08/12/2025
• Günler: 1, 3, 6, 7
• Ugur: IST 17:10 → HKT 06:20
TK167
• Başlanýan senesi: 09/12/2025
• Günler: 1, 2, 4, 7
• Ugur: HKT 08:00 → IST 14:40
Gatnawlaryň sanynyň artdyrylmagy ýolagçylara syýahatlaryny meýilleşdirmekde has köp mümkinçilik döredip, Türkiýe bilen Taýlandyň arasyndaky howa gatnaşyklaryny berkitmäge goşant goşar.
Şeýle hem, Turkish Airlines awiakompaniýasynyň biletlerini satyn almak üçin Aşgabatdaky «Türk howa ýollary» satuw edaralaryna ýüz tutup bilersiňiz.
Salgysy: G. Kuliýew köçesi, 39-njy bina, Ussat binasy.
Elektron poçta: askabatbiletsatis@thy.com
Awiakompaniýanyň saýty: https://www.turkishairlines.com/
