Türkmenistanyň Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň we beýleki kazyýetleriň 45-e golaý kazylary we işgärleri ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan iki günlük seminarda ýöriteleşdirilen maşgala kazylaryny döretmekde we dolandyrmakda ÝHHG-niň sebitindäki ýurtlaryň iň gowy tejribeleri bilen tanyşdylar.
4-5-nji dekabrda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen hyzmatdaşlykda geçirilen çäre maşgala kazyýetleriniň netijeliligini we işini ýokarlandyrmak mümkinçiliklerine gönükdirildi.
Seminaryň maksady adam hukuklary we maşgala hukugy ulgamynda kazylaryň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, şeýle hem degişli milli gyzyklanýan taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň kämilleşdirilmegine ýardam bermekden ybarat boldy.
“Maşgala kazylary adalatlylyk ulgamynda özboluşly wezipäni ýerine ýetirýär – diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Rýune Kastberg aýtdy. — Bu ýöriteleşdirilen kazylar maşgala işlerini adaty kazylara garanyňda has netijeli we professional derejede çözmek üçin niýetlenendir we men bu seminaryň maşgala meselelerinde işiň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň dowam edýän tagallalaryna goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn”.
Seminaryň dowamynda Türkiýeden gelen bilermenler öz ýurtlaryndaky maşgala kazyýetleriniň gurluşy we işi, kazylary bellemek üçin talaplar we olaryň garaýan işleriniň derejesi barada jikme-jik maglumat berdiler. Gatnaşyjylar çagany goramak we howandarlyk etmek boýunça işlerde kazylaryň görmeli çärelerine ünsi jemlediler.
Şeýle hem, bilermenler Türkiýäniň kanunçylygynda çagalary goramak boýunça täze tejribeleri paýlaşdylar we çaganyň bähbitlerini ýokary derejede üpjün etmek üçin kabul edilmeli konstitusion ýörelgeleri hödürlediler.
Bu seminaryň guralmagy ÝHHG-niň we Türkmenistanyň kanunyň hökmürowanlygyny berkitmek we halkara standartlaryna laýyklykda işiň hilini ýokarlandyrmak boýunça tagallalara ygrarlylygyny nygtaýar.
ORIENT
