
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Garaşsyz Watanymyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy döwrebap aýdym-sazlary bilen baýlaşdyrmak, täze ýaş-zehinleri ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny giňden açyp görkezmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ählimiziň bilişimiz ýaly 2025-nji ýyl Türkmen halkynyň taryhynda aýratyn ähmiýetli ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy ýurdymyzda we daşary döwletlerde dabaraly ýagdaýda bellenilýär.
Türkmenistanyň Bitaraplygy – munuň özi biziň mukaddes gymmatlygymyzdyr. Bu şanly sene hakykatdan-da Türkmen halkynyň taryhynda altyn harplar bilen ýazyldy. Biziň ýurdumyz häzirki wagtda diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem tutuş dünýäde ylalaşykly çyn merkezleriň birine öwrüldi. Şeýle ajaýyp toý-baýramçylygynda Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyzy, mähriban adamlar siziň ähliňizi Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Eziz Watanymyzda şeýle toýlaryň-toýlanýan günlerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adynydaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň gurnamagynda ýurdumyzyň ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň talyplarynyň hem-de okuwçylaryndan düzülen birleşen üflenip we kakylyp çalynýan saz grallary orkestriniň “Bitaraplyk – Paratlyk mukamy” atly konserti geçirldi.

Konsertde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň dünýä belli meşhur eserleriniň ýerine ýetirilmegi, sungatyň dünýä ähmiýetiniň nyşanydyr.
Konsertiň açylyşynda ýerine ýetirilen R. Nepesowyň “Bitaraplyk simfoniýasy” 3-nji bölümi, ýurdumyzyň parahatçylykly we Bitaraplygyň ruhuny ajaýyp beýan etdi. Birleşen orkestriň ýerine ýetirmeginde, Şirhan Batyrowyň ýolbaşçylygynda bu eser, tomaşaçylaryň kalbynyň iň çuňňur gatlaklaryna täsir etdi. D. Hydyrowyň “Elwan güller” we Ç. Nyrymowyň “Çapyk suwaryn aýdymy” ýaly eserler, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşiýewiň ýerine ýetirmeginde, orkestriň joşgunly sazandarlygy bilen has-da täsirli boldy.

Ýaş zehinleriň ussatlygy hem öz beýanyny tapyp, konsertiň dowamynda türkmen kompozitorlarynyň eserleri bilen bir hatarda, dünýä belli kompozitorlaryň eserleri hem ýerine ýetirildi. Ergeşow Söhbet Ergeşow (naý) tarapyndan ýerine ýetirilen H. Zimmeriň “Kung fu panda” eseri, naýyň owazynyň täsinligini we Söhbetiň ussatlygyny görkezdi. Dünýä belli pop we rok aýdymlary hem konserte özboluşly öwüşgin goşdy. The Beatles-iň “Can’t buy me love” ýaly meşhur aýdymlar, tomaşaçylaryň göwnüne ýakymly täsir etdi. Y. Sumac-yň “Goomba Boomba” eseriniň ýerine ýetirilişi, Maýa Kulyýewa adynydaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Munisa Hudaýbergenowanyň ýokary çeperçilik ukybyny görkezdi.

Aýratyn hem, konsertiň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary tomaşaçylaryň ýüreklerine täsir etdi. Olaryň her biri özüniň aýdymçylyk ukybynyň iň ýokary derejesini görkezmek bilen, sazlaryň janyny açyp, duýgulara besledi. Saz gurallarynyň ussatlary bolsa, özleriniň ýokary derejeli çykyşlary bilen konserte has-da gözellik goşdular.
Konsertiň jemleýji aýdymy D.Okdirowyň “Arkadag” atly alkyşnamasy ýerine ýetirilmegi bilen has-da täsirli boldy. Bu alkyşnamany Güljemal Taýlyýewa, Pälwanmyrat Bakyýew, Munisa Hudaýbergenowa, Begenç Moşiýew ýaly zehinli aýdymçylar, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary bilen bilelikde, orkestriň sazandarlyk etmeginde we tomaşaçylaryň el-çarpyşmalary bilen bilelikde ýerine ýetirildi. Bu çykyş, Arkadagymyza bolan hormatyň we söýginiň aýdyň beýany bolup, ähli tomaşaçylaryň ýüreklerinde aýratyn orun eýeledi.

Bu ajaýyp agşam, hakyky sungat baýramçylygy boldy. Konsertiň her bir pursady, ýokary derejeli ussatlygyň we täsirli ýerine ýetirişleriň ajaýyp utgaşmasy bilen tapawutlandy. Bu konsertiň şowly we ýatda galyjy geçmegi, ilkinji nobatda, professional ýerine ýetirijileriň belent ussatlygy bilen baglanyşyklydyr. Ýerine ýetirijileriň her biriniň goşan goşandy, tomaşaçylara täsin duýgular dünýäsini açyp, olaryň ýüreklerinde uzak wagtlap galjak täsirleri galdyrdy.
Bu konsert, Türkmenistanyň medeni durmuşynyň parlak sahypalarynyň birine öwrüldi. Ol ýaş nesliň sungata bolan höwesini artdyrmakda, milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny wagyz etmekde uly ähmiýete eýe bolar. Şeýle ajaýyp çykyşlar, türkmen sungatynyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da ýokarlandyrar.

Türkmen medeniýetiniň, aýdym-saz sungatynyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan taýsyz-tagallasy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdýaryn. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Ahmet JUMAKULYÝEW, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby