26-27-nji noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ural döwlet akademiki rus halk horunyň çykyşlary görkeziler.
Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy resmi sosial torunda habar berdi.
Halkara we bütin Russiýa derejesinde abraýly baýraklara we Hormat hatlaryna eýe bolan bu toparyň konsertlerine giriş çakylyk esasynda amala aşyrylar.
Konsertleriň giriş biletleri, ilçihana tarapyndan berler. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi sosial sahypasynda maglumat berlişine görä, sahypada 26-njy noýabra çenli birnäçe sowallar ýerleşdiriler we olara dogry jogap berip, ýeňiji bolanlara giriş biletleri sowgat berler.
Konsertler sagat 19:00-da başlanar.
Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda Türkmenistanda Çelýabinsk döwlet filarmoniýasynyň «Ural» horeografiki toparynyň konserti geçirildi.
ORIENT
