Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Sankt-Peterburga sapary (2025-nji ýylyň 19–20-nji noýabry) “Modanyň Arkalaşygy” ” atly IV halkara forumyny saglygy goraýyş we durmuş ugrundaky ösüş meseleleri boýunça işjeň döwletara dialogyň meýdançasyna öwürdi. Wekilçilikli wekiliýet Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm ýokary derejeli duşuşyklary geçirdi.
Oguljahan Atabaýewa “Modanyň Arkalaşygy” atly halkara forumyň çäginde “Sagdyn bolmak modadyr” atly tematiki sessiýasyna gatnaşdy. Bu ýerde Gazananyň wise-prezidenti Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn çemeleşmesini beýan etdi. Oguljahan Atabaýewa milli derejede görülýän çäreleriň umumy ösüş maksatlaryna ýetmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtady we “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylyşy barada jikme-jik durup geçdi. Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen yzygiderli we uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyna üns berildi. Bu hyzmatdaşlyklar BMG-niň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we Çagalar gaznasy ýaly düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmek barada 26 sany resminama gol çekilmegi bilen tassyklanyldy.
Oguljahan Atabaýeva türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Haýyr-sahawat gaznasynyň işi barada gürrüň berdi. Häzirki wagta çenli gaznanyň serişdeleriniň hasabyna 700-den gowrak çaga lukmançylyk operasiýalary geçirildi we diňe şu ýylyň özünde Çagalaryň dikeldiş merkezinde we inklýuziw çagalar bagynda takmynan 900 çaga bejergi aldy. Gaznanyň wise-prezidenti gaznanyň bütin dünýäde adamlaryň saglygyny goramak üçin bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzmäge açykdygyny tassyklady.
Saparyň maksatnamasy anyk amaly ugurly duşuşyklara baý boldy. W.Tawriçeskiý köşgünde W.P.Filatow adyndaky Biomedisina tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça halkara gaznanyň prezidenti Ýekaterina Dibrowa bilen söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar saglygy goraýyş ulgamyna innowasion biomedisina tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, bu bolsa Türkmenistanyň uzak möhletleýin döwlet maksatnamasynyň esasy ugry bolup durýar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwerlik işleri howandarlyga mätäç çagalara hemaýat kömek bermegi öz içine alýar, keselleri anyklamakda, öňüni almakda we bejermekde iň gowy tejribäni öwrenmek we ornaşdyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu dialog ýokary tehnologiýaly lukmançylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň esasyny goýdy.
Durmuş goraglylygyna we inklýuziwlik meselelerine uly ähmiýet berildi. Oguljahan Atabaýewa Russiýa Federasiýasynyň Jemgyýetçilik palatasynyň Durmuş hyzmatdaşlygy, howandarlyk we inklýuziw tejribeleri ösdürmek boýunça komissiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Diana Gurskaýa bilen duşuşdy. Duşuşygyň Bütindünýä Çagalar gününde geçirilmegi simwoliki häsiýete eýe boldy. Diana Gurtskaýa Arkadag şäherinde geçirilen halkara maslahatyna gatnaşmagyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Haýyr-sahawat gaznasynyň işine ýokary baha berdi, onuň bejeriş maksatnamalaryny işläp düzmekde we dikeldiş merkezlerini dolandyrmakda gazanan tejribesiniň dünýä nusgalykdygyny aýtdy hem-de gazna bilen ýakyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.
Soňra daýanç-hereket ulgamynda näsazlyklary bolan çagalara hemaýat bermek boýunça “Georgin” gaznasynyň ýolbaşçysy Ýekaterina Rogožina bilen dialog geçirildi. Söhbetdeşler çagalaryň daýanç-hereket ulgamynyň näsazlyklaryny anyklamak we bejermek boýunça maksatnamalary ösdürmek hem-de tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler, iki fonduň maksatlarynyň doly gabat gelýändigini – mätäç çagalara iň ýokary lukmançylyk kömegini bermekdigini nygtadylar.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçirilen duşuşyk saparyň esasy wakasy boldy. Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen uzak möhletleýin ynsanperwer hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Duşuşygyň dowamynda Gaznanyň wise-prezidenti rus tarapyny 10-njy dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.
Bu duşuşykdan soň, Oguljahan Atabaýewa we Walentina Matwiýenko “Modanyň Arkalaşygy” atly halkara foruma gatnaşyjy ýurtlaryň sergi ekspozisiýalaryny synladylar we moda görkezilişine baryp gördiler.
Russiýa Federasiýasyna bu sapar diňe bir türkmen-rus ynsanperwer hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem ýokary tehnologiýaly lukmançylyk we haýyr-sahawat ulgamynda tejribe alyşmagyň anyk ugurlaryny hem kesgitleýän möhüm ädim boldy.
ORIENT
