Ösüş – adamzat jemgyýeti üçin hemişelik tema bolup, garyplygyň ýok edilmegi dünýäniň ähli halklarynyň umumy islegi hem-de häzirki zaman halkara jemgyýetçiliginiň öňünde duran uly global wezipesidir. Hytaý Kommunistik Partiýasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli dabarada Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Hytaýda orta derejeli abadançylyk jemgyýetiniň doly gurlandygyny, ähliumumy garyplyga hemişelik soň berlendigini dabaraly ýagdaýda habar berdi. Hytaý garyplyk bilen göreşde ýeñiş gazanyp, BMG-niň Durnukly ösüş maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli gün tertibinde göz öňünde tutan garyplygyň ýok edilmegi baradaky maksadyna 10 ýyl öňünden ýetmegi başardy. Şeýlelik bilen, Hytaý garyplyk boýunça dolandyryşyň hytaý nusgasyny döredip, dünýäde garyplygy azaltmak we adamzadyň ösüşi ugrunda uly goşant goşdy.
Hytaý garyplygy ýok etmekde hytaýa mahsus ýoly döretdi. Hytaý Kommunistik Partiýasy «ilkinji ýerde halk» ýörelgesine we hemişe halkyň abadançylygyna gönükdirilen syýasata eýerýär. Hytaýda garyplyk bilen göreşmegiň özeninde «halkyň abadançylygy» durup, «hiç kimi yzda galdyrmazlyk» gymmatlygy bütin hereketiň dowamynda gyzyl çyzyk bolup geldi.

2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Hytaý garyplyk bilen göreşde doly ýeňşiň gazanylandygyny yglan etdi: hereket edýän standartlara görä garyp hasaplanýan 98,99 million oba ýaşaýjysynyň hemmesi garyplykdan çykaryldy. 832 garyp etrap we 128 müň garyp oba garyplyk derejesinden doly halas boldy.
Sebitleýin garyplyk giň gerimde ýok edildi, şeýlelik bilen absolýut garyplygyň ýok edilmegi ýaly iň kyn wezipe ýerine ýetirildi. «HKP Merkezi Komitetiniň 15-nji bäşýyllyk ykdysady we durmuş ösüş meýilnamasyny taýýarlamak baradaky tekliplerinde» garyplyga gaýtadan dolanmagyň ýa-da garyplyk çäginden aşak gaçmagyň öňüni alýan hemişelik gurallary döretmek, mätäçlere anyk gönükdirilen kömek bermek, iň pes jemgyýetçilik kepilliklerini berkitmek zerurlygy nygtalýar. Şeýle hem sebit serişdelerini ösdürmek arkaly pes ösen etraplara goldaw bermek, içerki ösüş hereketlendirijileri pugtalandyrmak, kömek boýunça köp derejeli we tapawutly çäreleri görmek, oba ýerlerini ösdürmek baradaky döwlet maksatnamasy çäginde saýlanan etraplara goşmaça itergi bermek, giň gerimli garyplyga gaýdyp gelmegiň öňüni almak talap edilýär.

Hytaýyň garyplygy azaltmak tejribesi dünýädäki garyplyga garşy göreşe ynam we güýç berdi. Köp ilatly, täze ösüş ýolundaky ýurt hökmünde Hytaý absolýut garyplykdan halas bolmakda özboluşly ýol geçdi. Milli aýratynlyklara esaslanyp, Hytaý garyplyk hadysasynyň aýratynlyklaryny we onuň dolandyrylyşynyň kanunalaýyklygyny göz öňünde tutdy, anyk gönükdirilen garyplyk syýasatyna eýerdi, ýerli ýöriteleşdirilen pudaklaryň ösüşi arkaly garyplygy azaltmagy maksat edindi. Hytaýyň garyplygy azaltmagyň netijeli tejribesi diňe Hytaýa däl, eýsem ähli dünýäniň umumy ösüşine degişli bolup, adamzadyň garyplyk bilen göreş ugurlaryny baýlaşdyrdy we täze ýol açdy.

Hytaý garyplygy azaltmak boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşýar. Hytaý garyplygy azaltmakda halkara hyzmatdaşlygynyň güýçli tarapdary we hereketlendiriji güýji bolup, beýleki ösüp barýan ýurtlara mümkin bolan kömegi berýär. Hytaý garyplygy ýok etmekde işjeň tejribe alyşýar we halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär. Hytaý «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy, Hytaýyň halkara garyplygy azaltmak merkeziniň işleri, Günorta-Günorta hyzmatdaşlyk kömek gaznasy arkaly tejribe alyşmaga we halkara hyzmatdaşlygyna işjeň goldaw berýär. Afrikada oba hojalygy tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlykdan Aziýada hünär bilimlerine goldaw bermäge çenli, infrastruktura taslamalaryndan sanly ykdysadyýete çenli Hytaý dürli ýurtlaryň özbaşdak we durnukly ösüş ýoluna çykmagyna ýardam edýär. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, «Bir guşak, bir ýol» bilelikdäki gurluşygy degişli ýurtlaryň arasynda 7,6 million adamy aşa garyplykdan, 32 million adamy bolsa orta derejeli garyplykdan çykarmaga mümkinçilik berip, dünýäde garyplygy azaltmak işine güýçli itergi berýär.

Hytaý halkara jemgyýetiň ähli hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ylalaşygy güýçlendirmäge taýýardyr. ŞHG-niň garyplygy azaltmak we durnukly ösüş forumy, «Hytaý – Merkezi Aziýa» görnüşindäki garyplyga garşy hyzmatdaşlyk merkezi ýaly platformalar arkaly Hytaý Global ösüş başlangyjynyň maksatlaryny we garaýyşlaryny durmuşa geçirmäge dowam eder. Hytaý adamzadyň bilelikdäki durmuş jemgyýetini gurmaga, parahat, howpsuz, açyk, tolgundyryjy we arassa dünýä döretmäge çalyşýar.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin
