Samsung

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Merkezi we Günorta Aziýanyň täze integrasiýa ugry | Syn

13.11.2025|23:00|
536
merkezi-we-gunorta-aziyanyn-taze-integrasiya-ugry-syn
Surat çeşmesi: orient.tm

Ýakynda «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çap edildi. Onda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Bekdurdy Amansaryýewiň makalasy ýerleşdirildi.

Makalada Ýewraziýada emele gelýän täze sebit tertibi Merkezi we Günorta Aziýanyň özara gatnaşyklary nukdaýnazaryndan, aýratyn hem Owganystanyň möhüm hyzmatdaşlygy arkaly seljerilýär. Global durnuksyzlygy şertlerinde awtor iki makro sebitiň ýurtlarynyň geografik ýakynlygy strategik artykmaçlyga öwürip, durnukly hyzmatdaşlyk görnüşlerini gözleýändigini görkezýär.

Üns merkezinde – täze döredilen halkara platforma «Termez dialogy». Makalada onuň diňe bir gepleşik meýdançasy däl-de, ulag geçelgelerinden we energetika taslamalaryndan başlap, ynsanperwer başlangyçlara we ynanyşmak gurallaryna çenli giň ugurlary öz içine alýan täze özara baglanyşyk arhitekturasyny döretmek synanyşygy bolandygy görkezilýär. Owganystanyň mesele hökmünde däl-de, sebitleri birleşdirip biljek mümkinçilik hökmünde garalýandygy aýratyn ähmiýete eýedir.


Häzirki döwürde halkara gatnaşyklarda Merkezi Aziýanyň ähmiýeti Ýewraziýada barha artyp gelýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şeýle belleýär:

«Merkezi Aziýa dünýä siwilizasiýasynyň dörän ýerleriniň biridir. Häzirki döwürde sebitde jemgyýetlerimiziň giň gerimli, köpugurly hyzmatdaşlyk ulgamy hökmünde bitewi syýasy, ykdysady we medeni giňişligini döretmek wezipesi durýar».

Sebitiň ösüşi möhüm derejede goňşy sebitler, esasan hem Günorta Aziýa bilen gatnaşyklara hem berk baglydyr. Bu giňişlikleriň halklaryny taryhy kökler, müňýyllyklara uzaýan dostluk gatnaşyklary birleşdirýär. Häzirki global howplar bolsa parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin bilelikde hereket etmegi talap edýär.

Birleşen Milletleriň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin BMG-niň Öňüni alyş Diplomatiýa boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň sözlerine görä: «Sebitleýin gapma-garşylyklar, howanyň üýtgemeginiň täsirleri, maliýe bazarlarynyň üýtgäp durýan ýagdaýy bilen häsiýetlendirilýän global durnuksyzlyk şertlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň has ýakyn utgaşdyrylan syýasy hyzmatdaşlygy Günorta Aziýa, aýratyn-da Owganystan bilen gatnaşyklary ösdürmäge hem oňyn täsir edýär».

2.jpg

Şeýlelikde, iki ösüp barýan sebitiň geosyýasy we geoykdysady ösüş depgini goňşy Owganystan bilen — onuň döredýän kynçylyklary hem mümkinçilikleri bilen — berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan 2025-nji ýylyň 19–21-nji maýynda ilkinji mejlisi geçirilen «Termez dialogy» täze döredilen aýratyn ähmiýetli platforma hökmünde öňe çykýar.

Bu halkara meýdança Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşygy güýçlendirmäge, Owganystanyň sebitara taslamalara goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ol ykdysadyýet, howpsuzlyk we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugurlarynda durnukly we toplumlaýyn arabaglanyşyk ulgamyny döretmek ugrunda möhüm ädim bolup çykyş edýär.

Owganystan – baglanyşdyryjy halka

Bu formatyň döredilmegi Merkezi we Günorta Aziýanyň «täze özarabaglanyşyk arhitekturasyny» gözlemegiň logiki dowamy boldy. Bu işe itergi beren BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýyldaky «Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda arabaglanyşyklary berkitmek» atly kararnamasy bolup, onda Owganystanyň baglanyşdyryjy köpri hökmünde aýratyn mümkinçiliklere eýedigi nygtalypdy.

«Termez dialogy» bu nukdaýnazardan ŞHG-niň gün tertibi bilen hem utgaşýar: bu ynanyşmagy, hoşniýetli goňşuçylygy, adalatly ykdysady gurşawy we howpsuzlyk hem-de durnukly ösüş boýunça bilelikde çözgüt gözlemekdir.

Täze platformanyň maksady: Owganystanyň özara bähbitli gatnaşygyny üpjün etmek bilen ynanyşmagy, institusional gurallary pugtalandyrmak.

3.jpg

Owgan derňewçisi Muhammad Süleýman ben Şahyň adalatly belleýşi ýaly, «Bu ýurt geografik merkezdir, we sebitara arabaglanyşyk taslamalarynyň hiç biri onuň gatnaşmazyndan üstünlikli amala aşyrylyp bilinmez». Şonuň üçin dialogyň üns merkezinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň we sebitleýin howpsuzlygyň meseleleri boldy.

Ilkinji mejlise 20 ýurtdan we halkara guramalardan 200-e golaý gatnaşyjy gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda şu ugurlar ileri tutuldy: Owganüsti ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi we üpjünçilik zynjyrlaryna goşulyşmak; energetika we ekologiýa (TOPH, CASA-1000, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, suw tygşytlamak); söwda we maýa goýumlar (ýarmarkalar, sergiler, göni işewür gatnaşyklar); ynsanperwer ugur (bilim, medeniýet, zenanlar we ýaşlar maksatnamalary).

Esasy üns Owganystana çekildi. Ýurduň sebit taslamalaryna goşulyşy onuň durnuklaşmagyna hem-de iki sebitiň integrasiýana şert döredýär. Gaz we elektrik geçirijileri, awto we demir ýollary sebitleri birleşdirip, ykdysady giňişligi bitewileşdirip biler.

Başgaça aýdylanda, «Termez dialogy» Owganystany meseleleriň çägindäki kynçylyk däl-de, mümkinçilikleriň çözgüdi hökmünde kabul edýär.

Merkezi we Günorta Aziýa üçin mümkinçilikler

Finlýandiýanyň halkara gatnaşyklary uniwersitetiniň postdoktoranty Kristina Silwan ýurtlaryň umumy ýolunyň ynanyşmak, howpsuzlyk we durnuklylykdygyny belleýär. Onuň pikiriçe, bu maksatlara diňe bilelikde ýetmek mümkin.

Uly integrasiýa meseleleriniň çözgüdi ynanyşmagyň kemala gelmegine baglydyr. Bu özünden möhüm faktor bolup durýar. Silwan şeýle belleýär: «Liderleriň arasyndaky ynanyşmak jemgyýetiň beýleki gatlaklaryna hem ýaýrap başlaýar».

Merkezi we Günorta Aziýa üçin üstünlikli arabaglanyşyk söwda we ulag-logistika ýol ugurlarynyň diwersifikasiýasy bolup durýar. Bu bolsa ykdysady ösüşiň esasy şertidir.

«Termez dialogy» Pakistanyň we Hindistanyň deňiz portlaryna çykalgany giňeltmäge, infrastruktura maýa goýumlaryny çekmäge, suw we energetika meseleleri boýunça utgaşdyrylan garaýyşlary işläp düzmäge we sebitiň ýurtlarynyň halkara giňişligindäki ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär.

4 (1).jpg

Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlag institutynyň direktory Eldor Aripow şeýle belleýär: «Dialog gapma-garşylyklardan azat täze gatnaşyklaryň paradigmasyny hödürleýär. Onuň esasyny sebitleriň abadançylygy üçin hyzmatdaşlyk ýörelgesi emele getirýär».

Türkmenistan üçin ähmiýeti

Türkmenistan üçin bu platforma gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurduň geografik ýerleşişi, baý energetika serişdeleri we ulag mümkinçilikleri Türkmenistany Demirgazyk bilen Günortanyň, Gündogar bilen Günbataryň arasynda tebigy üstaşyr nokadyna öwürýär.

TOPH gaz geçirijisi, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan demir ýoly, elektrik geçiriji ulgamlary ýaly taslamalar eksport mümkinçiliklerini giňeldýär we Türkmenistany Merkezi we Günorta Aziýany birleşdirýän energetika we ulag merkezine öwürýär.

Türkmenistan şeýle hem durnukly ösüş, sanly ulgamlaryň ösdürilmegi we «ýaşyl energetika» boýunça başlangyçlary öňe sürýär.

Bu ugurda Aşgabat BMG-niň Baş Assambleýasyna iki kararnama teklibini hödürledi: energetika arabaglanyşygynyň möhüm orny barada we 2026–2035-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ulag onýyllygyny yglan etmek baradaky teklipler.

Halkara nukdaýnazary

Owganystan uzak ýyllaryň dowamynda syýasy kartada diňe de-ýure döwleti hökmünde ýaşaýşyny dowam etdirýärdi, emma hakykatda dürli ýerli toparlaryň dolandyran hanlyklarynyň ýygyndysyndan ybarat bolan de-faktody. TOPH, elektrik geçiriji ugurlaryň çekilmegi, awto we demir ýollaryň gurulmagy ýaly giň möçberli ulag-logistika hem-de energetika iri taslamalary, öz ulgamly torunyň üsti bilen Owganystany gurşap alyp, bölünip duran çäk böleklerini bir bitewi, ýola goýlan syýasy düzüme birleşdirmäge ukyplydyr.

5 (3).jpg

Professor Şanti Mariýet D’Souzanyň pikiriçe: «Owganystanyň sebitara gatnaşyklara goşulyşmagy Ýewraziýanyň giň giňişliginde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň esasy şertidir».

«Termez dialogy» Ýewropa Bileleşiginiň, Hytaý, Russiýa, Pars aýlagy ýurtlarynda we halkara guramalarda uly gyzyklanma döretdi. Bu sebitiň öz ösüş ýoluny özbaşdak gözleýändigini we durnukly çözgütler teklip edip bilýändigini görkezýär.

Dialogda pragmatizm — ulag, energetika we söwda boýunça anyk taslamalar arkaly — we strategik garaýyş — ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy, Owganystanyň gatnaşmagy we ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi — utgaşýar.

Ahyr netijede gürrüň diňe taslamalar toplumyndan ybarat däl. Bu özara bähbit, durnukly ösüş we toparlaýyn howpsuzlyk esasynda Ýewraziýanyň täze arhitektura landşaftynyň emele gelmegidir. «Termez dialogy» Merkezi we Günorta Aziýanyň periferiýa däl-de, yklymyň baglanyşdyryjy halkasy hökmünde çykyş edýän geljeginiň binýadyny döredýär.

Merkezi Aziýa üçin bu geografiki ýerleşişi hakyky bäsdeşlige öwürýän mümkinçilikdir. Halkara jemgyýetçiligi üçin bolsa sebitiň syýasy taýdan kämilleşýändiginiň we halkara arenada ornunyň pugtalanýandygynyň alamatydyr.

6 (2).jpg

фото: orient.tm

Merkezi we Günorta Aziýanyň täze integrasiýa ugry | Syn