Samsung

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Wirtual aktiwler hakynda kanun Türkmenistanyň Mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylar

21.11.2025|22:05|
1066
wirtual-aktiwler-hakynda-kanun-turkmenistanyn-mejlisinde-ara-alnyp-maslahatlasylar
Surat çeşmesi: orient.tm

Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Dünýägözel Gulmanowa ýurduň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Ol 22-nji noýabrda geçiriljek Mejlisiň nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Onuň gün tertibinde hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek bilen bagly kanun taslamalaryna garalar.

Mejlisiň gün tertibinde “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak aýratyn orun eýeleýär. Bu kanunyň taslamasy ýurduň sanly we kripto aktiwlerini milli ykdysady ulgama düzgünleşdirmek we integrasiýa etmek boýunça strategik maksady görkezýär, bu bolsa sanlylaşdyrma we döwrebaplaşdyrmak babatda möhüm ädimdir.

Sanly giňişligi düzgünleşdirmekden başga-da, ýurduň geljek ýyl üçin maliýe strategiýasyny kesgitleýän esasy ykdysady resminama bolan “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunyň taslamasy parlamentiň garamagyna hödürlener.

Kanyn taslamalarynyň toplumynyň üçünji möhüm ugry “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze redaksiýasydyr. Bu täzelenen kanunçylyk ylmy barlaglary we innowasiýalary höweslendirmek, şeýle hem intellektual eýeçiligiň ygtybarly hukuk goragyny üpjün etmek üçin niýetlenendir, bu bolsa ýurduň ylmy we tehnologik mümkinçilikleriniň ösmegi üçin örän möhümdir.

Mejlisiň deputatlary şeýle hem halkara şertnamalaryny tassyklamak we hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky kanun taslamalaryna serederler.

ORIENT