10–15-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Ýewropa Bilim Gaznasynyň (ETF) halkara hünärmenleriniň okuw maslahatlary geçirildi. Çäreler Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmek hem-de mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksadyny göz öňünde tutýan DARYA taslamasynyň çäklerinde guraldy.
SCAFFOLD näme?
Seminarlaryň esasy temasynyň biri ETF-niň «Merkezi Aziýanyň zehinli ýaşlary üçin dialog we hereket» atly sebitleýin taslamasy boýunça taýýarlanan täze SCAFFOLD usulyny ornaşdyrmak boldy.
SCAFFOLD usuly innowasion pedagogiki çemeleşme bolup, ol aşakdakylara gönükdirilendir:
• Okuw işini meýilleşdirmek we guramak.
• Okuwçylaryň bilim, başarnyk we ygtyýarlyklar derejesini tapgyrlaýyn ýokarlandyrmak.
Dersleri ETF-niň Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy K. I. Hemşemair hem-de SCAFFOLD usulyny işläp düzen usulyýet toparynyň agzalary geçirdiler. Okuw maslahatlary ýurdumyzdaky ýokary, orta hünär we orta mekdepleriň mugallymlaryny öz içine aldy.
SCAFFOLD usulynyň ornaşdyrylmagy Türkmenistan üçin strategiki ähmiýete eýedir, sebäbi ol milli bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, ony halkara ülňülerine laýyk getirmäge, şeýle hem Ýewropa Bilim Gaznasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýär.
ORIENT
