8-nji dekabrda Mahaçkala şäherinde (Russiýa) Hazarýaka döwletleriniň birinji halkara ekologiýa forumy öz işine başlady. Forumyň esasy maksady – Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak üçin bilelikdäki mehanizmleri işläp düzmäge gönükdirilendir.
Iki günläp (8-9-njy dekabr) dowam etjek çärä Hazarýaka ýurtlarynyň bäşisinden: Türkmenistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan we Eýrandan ekologiýa, biologiýa we geofizika ugry boýunça takmynan 300 golaý bilermen gatnaşýar.
Göni we onlaýyn görnüşde geçirilen umumy mejlisde Hazar deňziniň iň möhüm ekologiýa meselelerine — ilkinji nobatda hem deňziň suwunyň çekilmegi we Hazar düwlenleriniň sanynyň azalmagy bilen bagly wajyp meselelere üns berildi.
Foruma gatnaşyjylar özboluşly haýwanat dünýäsini gorap saklamak we tutuş ekoulgamyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin bitewi çemeleşmeleriň tizden-tiz kabul edilmeginiň möhümdigini nygtadylar.
Bilermenleriň belleýşi ýaly, toplumlaýyn gözegçilik maksatnamasynyň we bäş döwletiň arasynda işleýän maglumat alyş-çalyş mehanizminiň işlenip düzülmegi örän möhümdir. Diňe bilelikdäki gözegçilik ulgamy diňe bir meseleleri anyklamaga däl, eýsem ýagdaýy netijeli dolandyrmaga, Hazar düwlenleri ýaly özboluşly görnüşleriň goralyp saklanmagyna howp salynmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berer.
Forumyň netijesi boýunça resminamalaryň toplumyny taýýarlamak we Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak boýunça bitewi maksatnamanyň, şeýle hem anyk hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň işe girizilmegine garaşylýar.
Bu ara alyp maslahatlaşma türkmen bilermenleriniň işjeň gatnaşmagy, Türkmenistanyň ekologiýany we Hazar deňziniň serişdelerini goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna üýtgewsiz ileri tutýan ugurlaryny tassyklaýar.
ORIENT
