“Merkezi Aziýa – Russiýa” sebitara topary (SAT) ýakynda Panamada geçirilen BMG-niň Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň (CRIC-23) plenar sessiýasynda eden çykyşynda dünýä bileleşigine netijeli sebitleýin hyzmatdaşlygynyň modelini resmi taýdan hödürledi. Alty döwleti birleşdirýän bu topar, ýerleriň zaýalanmagyna, gurakçylyga we tozanly tupanlara garşy göreşmäge gönükdirilen ylmy-amaly hyzmatdaşlygyň täsirli mehanizmine öwrülendigini nygtady. Bular gurak zolak üçin aýratyn möhüm howplardyr.
“Merkezi Aziýa – Russiýa” sebitara topary – bu 2019-njy ýylda BMG-niň Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň çäklerinde döredilen durnukly gurluşdyr. Gatnaşyjylar: Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan. Mandaty: Serhetüsti ekologiki howplary ýeňip geçmäge ünsi jemläp, Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň 2030-njy ýyla çenli Çarçuwaly strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyga ýardam etmekden ybaratdyr.
Gysga wagtyň içinde sebitara topar bilermenler meýdançasyndan institusional gurluşa öwrüldi we 2030-njy ýyla çenli Iş tertibini we Ýol kartasyny tassyklady. Bu bolsa, BMG-de ylmy, syýasaty we tejribesini birleşdirýän hyzmatdaşlygyň ygtybarly modeli hökmünde görkezilen tematiki ugurlarda amaly başlangyçlary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berdi.

Ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmekde ýurtlaryň goşandy
Sebitara topar jogapkärçilik ugurlarynyň anyk bölünişigi esasynda işleýär, bu bolsa iň ýokary netijeliligi we iň gowy milli tejribeleriň alyş-çalşyny üpjün edýär. Her bir gatnaşyjy ýurt sebit üçin esasy bolan tematiki ugurlara gözegçilik edýär we olary ösdürýär.
Şeýlelik bilen, Gazagystan ýer gözegçiliginde iň gowy tejribeleri toplaýar we topragyň ýagdaýyny bahalandyrmak üçin ýöriteleşdirilen çemeleşmeleri birleşdirmek üçin sebitleýin maglumatlar binýadyny döredýär.
Gyrgyzystan daglyk öri meýdanlaryny dolandyrmaga, uýgunlaşdyrylan öri meýdanlaryny ösdürmeklige we dag ekoulgamlaryny dikeltmeklige ünsi jemleýär, bu bolsa BMG-niň Daglary ösdürmegiň bäş ýyly başlangyjyna laýyklykda amala aşyrylýar.
Russiýa bilim we usulyýetiň esasy donory hökmünde çykyş edip, ýerleriň zaýalanmagynyň bitarap deňagramlylygyna ýetmek boýunça ýurtara gollanmanyň işlenip düzülmegini teklip etdi, onuň uglerodly ekerançylykdaky we agrotokgaçylykdaky tejribesi bolsa amaly çözgütleriň möhüm çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Täjigistan sebitiň suw howpsuzlygy üçin möhüm bolan buzluklaryny gorap saklamak meselesini gozgaýar.
Türkmenistan çöl öri meýdanlarynyň durnukly ulanylmagyna gözegçilik edýär, süýşýän çägeleri durnuklaşdyrmak üçin üstünlikli çemeleşmeleri görkezýär we Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmegi teklip edýär.
Özbegistan tozanly we çägeli tupanlar boýunça ugura jogap berýär, gözegçilik we irki duýduryş ulgamlaryny ösdürýär; onuň guran Aral deňziniň düýbündäki fitomeliorasiýa boýunça giň gerimli işleri ekoulgamlary dikeltmegiň dünýä nusgalyk mysal hökmünde ykrar edildi.

Öňdebaryjy başlangyçlar we geljek
Sebitara topar eýýäm iki sany esasy taslamany öňe sürýär: Ýer serişdelerine sebitleýin syny we Ýerleriň zaýalanmagynyň bitarap deňagramlylygy boýunça ýurtara usuly gollanma. Olaryň tanyşdyrylyşy 2026-njy ýylda Ulan-Bator şäherinde geçiriljek Taraplaryň maslahatynyň 17-nji sessiýasynda meýilleşdirilýär.
Sebitara toparyň strategiki ugurlaryna BMG-niň degişli agentlikleri (FAO, UNDP, UNEP) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we uglerod ekerançylygy we gurakçylyga uýgunlaşmak ýaly täze ugurlary ösdürmek girýär.
Berdi Berdiýew CRIC-23-däki çykyşynda Sebitara topary hyzmatdaşlygyň ygtybarly modelidi diýip, nygtady hem-de halkara bileleşigini ony BMG-niň howa we ekologik başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin netijeli gural hasaplamaga çagyrdy.
ORIENT
