2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkiýäniň milli awiakompaniýasy — Turkish Airlines — halkara uçar gatnawlarynyň ulgamyny giňeltdi we birnäçe meşhur ugurlar boýunça goşmaça uçuşlary ýola goýdy.
Kompaniýa Ýewropa, Aziýa we Afrika şäherlerini baglanyşdyrýan dünýäniň öňdebaryjy awiakompaniýalarynyň biri hökmünde eýeleýän ornuny mundan beýläk-de berkidýär. Oktýabr aýynyň ahyrynda ýola goýlan täze uçuşlar ýurtlaryň arasynda syýahatçylyk we işewür gatnaşyklar üçin has giň mümkinçilikleri açdy.
Afrika ugruna goşmaça uçuşlar: Banžul we Nuakşot
26-njy oktýabrdan başlap, Stambul – Banžul – Nuakşot – Stambul ugry boýunça uçar gatnawlarynyň ýygylygy artdy. Indi uçuşlar hepdede bäş gezek ýerine ýetirilýär.
Täze tertip Turkish Airlines-e Türkiýe, Gambiýa we Mawritania arasyndaky howa gatnaşyklaryny güýçlendirmäge mümkinçilik berdi. Bu bolsa syýahatçylara we işewür ýolagçylaryna has amatly şertleri döretdi. Bu ugurlar syýahatçylyk we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gyzyklanma artýan Afrika ýurtlary üçin aýratyn ähmiýetli hasaplanýar.
Bali Ýewropa has ýakyn boldy
28-nji oktýabrdan başlap, Stambul – Denpasar (Bali) – Stambul gatnawlarynyň ýygylygy hepdede dokuz gezek ýerine ýetirilýär. Bali dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelýän syýahatçylaryň arasynda iň meşhur dynç alyş ugurlarynyň biridir. Gatnawlaryň artmagy bu ugry saýlaýan syýahatçylaryň islegini kanagatlandyrmaga we Ýewropadan hem-de Ýakyn Gündogardan gelýän ýolagçylara amatly mümkinçilikleri döretmäge şert berdi.
Pakistana has köp uçuşlar: Lahor we Yslamabat
27-nji oktýabrdan başlap, Stambul – Lahor ugry boýunça uçuşlaryň sany hepdede 14-e ýetirildi. Şol bir wagtyň özünde 26-njy oktýabrdan Stambul – Yslamabat - Stambul ugry boýunça hem şonuň ýaly ýygylyk girizildi. Türkiýe bilen Pakistanyň özara medeni, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryny nazara alyp, Pakistan adat boýunça Turkish Airlines-yň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galÿar. Täze uçuş tertibi ýolagçylara syýahatlaryny has amatly meýilleşdirmäge we ýurtlaryň arasyndaky işewürlik hem-de syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam edýär.
Turkish Airlines — dünýä syýahatçylygynyň baglanyşdyryjy halkasy Afrika we Aziýa ugurlarynyň giňeldilmegi awiakompaniýanyň durnukly we özara baglanyşykly syýahatçylygy ösdürmek strategiýasyny alamatlandyrýar. Turkish Airlines diňe bir meşhur dynç alyş merkezlerine elýeterliligi artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem bu sebitleriň ykdysady ösüşine hem goşant goşýar. Ýokary derejeli hyzmaty we giň gatnaw torunyň saýasynda kompaniýa halkara awiasiýada öňdebaryjy ornuny saklap, ýolagçylara amatly we howpsuz syýahatçylygy hödürleýär.
2025-nji ýylyň oktýabrynda ýola goýlan goşmaça uçar gatnawlary Turkish Airlines-iň dünýäni Stambul arkaly birleşdirmek maksadynyň ýene bir möhüm ädimi boldy. Uçar geografiýasyny giňeltmek bilen, awiakompaniýa halkara syýahatçylygy, medeni alyş-çalşygy we işewürlik hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm goşant goşup, Türkiýäniň global ulag merkezi hökmünde ornuny berkitdi.
Biletleri satyn almak üçin salgysy: G.Kulyýew köç., bina 39, Ussat binasy
Elektron poçta: askabatbiletsatis@thy.com
Awiakompaniýanyň web sahypasy: https://www.turkishairlines.com/
ORIENT
